2025-nji ýylda Hytaýyň ýeňil senagaty durnukly ösüş görkezdi

Fewral 05, 2026 | 19:29 |134
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Hytaýyň Milli ýeňil senagat Geňeşi tarapyndan hepdäniň sişenbe güni çap edilen maglumatlara görä, 2025-nji ýylda ýurduň ýeňil senagaty durnukly ösüş görkezdi.

Ýyllyk esasy girdejileri 20 million ýuandan geçýän, bellenen ölçegden ýokary bolan ýeňil senagat kärhanalarynyň goşmaça gymmaty geçen ýyl bilen deňeşdirilende 5.3% ýokarlandy. 2025-nji ýylda ýeňil senagat pudagynyň girdejisi 23 trillion ýuana (ýagny 3 trillion 310 milliard ABŞ dollaryna) ýetdi. Pudakda iş alyp barmakdan 6.04% girdeji aldy, bu bolsa bellenen ölçegden ýokary bolan ähli ýeňil senagat kärhanalarynyň ortaça görkezijisinden 0.73 göterim ýokarydyr we umumy önümçilikden 1.34 göterim artykdyr.

Sarp edijiler bazarynda geçirilýän çäreler itergi beriji güýç boldy: söwda maksatnamasy 129 milliondan gowrak öý enjamlarynyň we 12 million 500 müň sany elektrik welosipedleriniň satyn alynmagyna ýardam etdi. Ýeňil senagat pudagynyň 11 sany esasy önüm toparlarynyň bölekleýin satuwynyň möçberi 1 trillion 250 milliard ABŞ dollaryna barabar boldy. Bu geçen ýyla görä 7.8% ýokarydyr we sarp edijilik harytlarynyň bölekleýin satuwynyň umumy möçberiniň 17.3 göterimini düzýändir.

Ýeňil senagat pudagynyň eksportynyň möçberi 911 milliard 460 million ABŞ dollaryna barabar boldy we tutuş ýurt boýunça eksportyň 24.2 göterimini düzdi. Pudagyň 22 sany esasy toparynyň 11-si ösüş görkezdi. “Bir guşak, bir ýol” başlangyjy boýunça hyzmatdaşlyk edýän ýurtlara eksportyň möçberi 1.3% we Ýewropa Bileleşigine eksportyň möçberi 7.9% artdy, bu bolsa bazaryň dürli ugurlar boýunça ösdürilmeginde öňegidişlik görkezýändir.

Beýleki habarlar