Hytaýda Bahar baýramy möwsüminiň ikinji gününde gatnawlaryň 182 milliona ýetmegine garaşylýar

Hytaýda ýerli häkimiýetler tarapyndan ýolagçy gatnawlarynyň howpsuzlygy we rahatlygy üçin zerur çäreler görlüp, degişli hyzmatlar ýola goýlanyndan soň, 2026-njy ýylyň Bahar baýramy möwsüminiň ikinji gününde tutuş ýurt boýunça ýolagçy gatnawlarynyň 182 million 480 müňe ýetmegine garaşylýar.
Ýurduň demir ýollary edaralary bu döwürde syýahat we beýleki maksatlar bilen ýola düşjek adamlaryň sanynyň 11 million 150 müňe ýetmegine garaşýar, şeýle hem goşmaça 879 sany ýolagçy otlularynyň işe goýberilmegi meýilleşdirilýär. Hepdäniň sişenbe güni irden sagat 8-e çenli 12306 platformasynda baýramçylyk döwri üçin jemi 84 million 490 müň sany petek satyldy.
Bahar baýramy möwsüminde raýat awiasiýasy 2 million 250 müň sany ýolagçylary gatnatmak üçin 19352 sany howa gatnawlaryny meýilleşdirdi. Howa ýollary we howa menzilleri ýolagçy gatnawlaryna degişli maglumatlary üznüksiz täzeläp durýarlar.
Awtoulaglar boýunça ähli ulgamlar kadaly işledi. Hususy awtoulaglary we tölegli gatnadýan ulaglary hasaba almak bilen, syýahat edýän ýolagçylaryň umumy sany 168 million 470 müňe deň boldy. Orta we uzak aralykly (>600 km) ýolsgçy gatnawlary birnäçe sebitde has ýokary boldy.
Bu bolsa Çunýun möwsüminiň iň gyzgalaňly döwründe tutuş ýurt boýunça ýolagçy gatnawlarynyň artmagynyň dowam edýändigini görkezýändir.







