Hytaý topary sekuntda 10 metr tizlige çenli ylgap bilýän adam şekilli robotyny tanyşdyrdy

Fewral 05, 2026 | 19:26 |85
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Hytaýyň ylmy-barlag topary adam şekilli roboty işläp düzdi. Bu robot sekuntda 10 metr tizlige çenli ylgap bilýär we köp adamlardan öňe geçmegi başarýar. Şol sebäpli hem bu adam şekilli robota çalt ylgamakda meşhurlyk gazanan Usain Boltyň ady, ýagny “Bolt” ady goýuldy.

Žeszian uniwersitetiniň Hanžou Dünýä Ylmy we Tehnologiki Innowasiýalar Merkeziniň Adam şekilli Robotlar Innowasiýasy ylmy-barlag instituty tarapyndan we Hanžouda ýerleşýän “Mirror Me” we “Kaierda” kärhanalary bilen hyzmatdaşlykda işlenip düzülen bu adam şekilli robotyň boýy 175 sm, agramy bolsa 75 kg ýetýär. Ol iki aýakda hereket etmegi başarýar we adama mahsus bolan yşaratlary we hereketleri edip bilýär.

Bu üstünlik robotyň hereketini dolandyrmakda we onuň deňagramlylygyny saklamakda öňegidişligi görkezýändir.

Ylmy-barlag institutynyň ýolbaşçysy we “Mirror Me” kärhanasynyň esaslandyryjysy Wan Huntao gyrmyzy reňkli “Bolt” bilen ylgamakda ýaryşdy. Robotyň ädimleriniň arasy dar bolsa-da ol çalt hereket edip, ylgamak tizligini sekuntda 10 metre çenli ýetirdi.

Wan Huntao öňde goýlan maksadyň diňe bir rekord goýmak däl-de, eýsem adamyň hereket ediş mümkinçilikleriniň ýokary çäklerine golaýlaşmakdygyny ýa-da ondan hem geçmek üçin tehnologiki binýady döretmekdigini düşündirdi.

Ylmy topar mundan ozal 2025-nji ýylda “Gara Pantera” atly dört aýakly robotyň tizlik rekordyny goýup, onuň ylgamak tizligi sekuntda 10 metrden geçipdi.

Beýleki habarlar