Hytaýyň uçarmansyz gibrid ýük uçary ilkinji uçuşyny üstünlikli amala aşyrdy

Fewral 04, 2026 | 19:11 |93
CCTV logo
Çeşme: cctv.com



Hytaýda öndürilen YH-1000S uçarmansyz gibrid ýük uçary ýurduň günorta-günbataryndaky Çunsin şäherinde ilkinji uçuşyny üstünlikli amala aşyrdy. Taslamany işläp düzen Hytaýyň Älem aerodinamika akademiýasy bu barada habar berdi.

Täze uçuş enjamynda elektromobilleri öndüriji kompaniýa bilen bilelikde taýýarlanan ýokary öndürijilikli gibrid hereketlendiriji oturdylandyr. Geçen ýylyň maý aýynda ilkinji gezek synagdan geçirilen YH-1000 uçary bilen deňeşdirilende, täze bu modeliň uçuş-gonuş wagty has gysga bolup, ýük göterijiligi ýokarydyr we has uzak aralyga uçup bilýändir.

Hytaýyň Älem aerodinamika akademiýasynyň inženerleriniň bellemegine görä, bu taslamada elektromobilleriň gibrid hereketlendirijisi uçarmansyz uçarlarda ilkinji gezek ulanylýar. Bu gibrid hereketlendirijisi awtomobil pudagyny we uçarmansyz uçurylýan dronlar pudagyny tehniki taýdan utgaşdyryp, synag çykdajylaryny ep-esli azaltmaga mümkinçilik berýär.

Halkara bazaryň talaplaryna laýyklykda taýýarlanan bu iri uçarmansyz uçarlary halkara logistika we ýük daşamalarynda, adatdan daşary ýagdaýlardaky halas ediş işlerinde, tebigy betbagtçylyklaryň ýetirýän zyýanyny azaltmakda, howa ýagdaýlaryny emeli üýtgetmekde, deňiz gözegçiliginde we deňiz howpsuzlygy ulgamynda ulanylyp bilner.

Beýleki habarlar