Hytaýyň “Deňiz Ýüpek Ýoly” ulgamy boýunça 26 milliondan gowrak konteýnerler daşaldy

Hytaýyň “Bir guşak, bir ýol” başlangyjyna hyzmat edýän ilkinji halkara deňiz logistika meýdançasy bolan “Deňiz Ýüpek Ýoly” ulgamy arkaly, bu ulgamyň işe girizilen gününden bäri 26 milliondan gowrak standart konteýnerler möçberinde ýükler daşaldy.
2025-nji ýylda “Deňiz Ýüpek Ýoly” ulgamy boýunça 5 million 400 müň sany konteýner daşalyp, geçen ýyl bilen deňeşdirilende 9.11 göterim ýokarlandy. Gaplanmadyk görnüşdäki ýükleriň we umumy ýük daşamalarynyň möçberi 12 million 270 müň tonnadan geçip, 26.4 göterim artdy.
Hytaýyň 2021-nji – 2025-nji ýylalry öz içine alýan 14-nji bäşýyllyk ösüş maksatnamasynyň esasy taslamalarynyň biri bolan bu ulgam 2018-nji ýylda Siamen şäherinden ilkinji gatnaw amala aşyryldy. Şondan bäri jemi 34 million tonnadan gowrak gaplanmadyk görnüşdäki ýükler we umumy ýükler daşaldy.
Bu ulgam ilkibaşdaky 16 sany ugurdan, indi 148 sany halkara ugra ýetdi. Häzirki wagtda Günorta-Gündogar Aziýany, Günorta Aziýany, Ýakyn Gündogary we Ýewropany öz içine almak bilen, 48 ýurduň we sebitiň 150 sany portuny birleşdirýär.
Hytaý döwleti “Deňiz Ýüpek Ýoly” ulgamyny Hytaý – Ýewropa demir ýol gatnaw ugry hem-de Günbatar gury ýer – deňiz täze ulag geçelgesi bilen işjeň utgaşdyrýar. Bu çemeleşme halkara logistika çykdajylaryny azaltmaga, gümrük amallarynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga we “Bir guşak, bir ýol” başlangyjynyň ösüşine goşmaça itergi bermäge gönükdirilendir.







