Hytaýyň Bahar baýramy döwründe ýolagçy gatnawlary ýeňilleşdirilýär

Hytaýyň demir ýol we awtoulag pudaklary Bahar baýramy döwründe ýolagçy gatnawlaryny ýeňilleşdirmek maksady bilen birnäçe çäreleri durmuşa geçirdi. “Çunyun” diýlip atlandyrylýan bu möwsüm dünýäde ýolagçy gatnawlarynyň iň köp amala aşyrylýan döwri hasaplanýandyr.
Şu ýyl Hytaýyň Täze ýyly 17-nji fewrala gabat gelýär. Resmi dynç alyş döwri dokuz gün dowam edýär. Gatlanyş möwsümi duşenbe güni başlap, 13-nji martyna çenli dowam eder. Bu döwürde millionlarça adam maşgalalary bilen duşuşmak üçin öýlerine ugraýar.
Bu syýahatçylyk möwsüminiň ilkinji gününde ýurduň demir ýol ulgamy arkaly 12 million 235 müň sany ýolagçy gatnadyldy, bu görkeziji geçen ýyl bilen deňeşdirilende 17.8 göterim ýokarydyr. Möwsümiň ikinji güni 11 million 150 müňe golaý ýolagçy gatnadyldy hem-de islegleri kanagatlandyrmak maksady bilen goşmaça 879 sany ýolagçy otlulary işe goýberildi.
Pekin – Tianszin – Hebei sebiti, Ýanszy derýasynyň deltasy, Guandun – Gonkong – Makao Uly aýlag zolagy hem-de Çendu – Çunsin ykdysady zolagy ýolagçy gatnawlarynyň iň köp hasaba alnan ugurlary boldy. Esasy demir ýol merkezlerinde ýokary tizlikli otlularynyň gatnawlary köpeldilip, hyzmatlar kämilleşdirildi.
Şeýle hem ulag edaralary aýratyn kömege mätäç ýolagçylar üçin ýörite hyzmatlary ýola goýup, ýolagçylara ýol peteklerini satyn almak, garaşylýan meýdançalara girmek we ugur görkeziji ýaly hyzmatlary girizdiler.
Ýurduň awtoulag ýollarynda ýol hereketleri kadaly saklanýar, dynç alyş döwründe okuw we iş maksatlary bilen gatnaýan adamlaryň we ýük daşaýan ulaglarynyň gatnawy hem köpdür.







