Hytaýyň Media Topary 2026-njy ýylyň Gyşky Olimpiýa oýunlaryny ýaýlyma berer

Fewral 03, 2026 | 20:58 |108
CCTV logo
Çeşme: cctv.com



Hytaýyň Media Topary 2026-njy ýylda Milanda we Kortinada geçiriljek Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş we ýapylyş dabaralaryny ýaýlyma berer we halkara jemgyýetçilik üçin 8K ýaýlymy üpjün edýän ýeke-täk media guramasy bolar.

Hytaýyň Media Toparynyň 4K/8K ultra-ýokary durulykdaky ýaýlyma beriji enjamlary 13-nji ýanwarda Milandaky “San Siro” stadionyna getirilip, gurnaldy. Hytaýyň Media Topary Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy üçin 8K halkara ýaýlyma beriş enjamlaryny we tehniki goldawyny üpjün ediji hökmünde ilkinji gezek gatnaşýandyr.

Olimpiýa oýunlarynyň resmi 4K ýaýlymynyň prodýuseri Simon Staffurt ýokary hilli ýaýlym üçin öňdebaryjy enjamlar bilen bir hatarda ussat hünärmenleriň hem wajypdygyny belläp, Hytaýyň Media Toparynyň işine ýokary baha berdi.

Oýunlaryň dowamynda Hytaýyň Media Topary ilkinji gezek buzda tans etmek we şort-trek bäsleşiklerini hem halkara ýaýlymyna bermeklige gatnaşar.

Hytaýyň Media Toparynyň tehniki utgaşdyryjysy Wan Daganyň sözlerine görä, Milan Halkara Ýaýlyma beriş Merkezinde ýokary tizlikli halkara aragatnaşyk ulgamlary we 8K uzakdan taýýarlaýyş tehnologiýalarynyň giňden ulanylmagy bilen toplumlaýyn media merkezi döredildi.

Hytaýyň Media Toparynyň 500-e golaý işgäri Gyşky Olimpiýa oýunlaryny ýaýlyma taýýarlamak maksady bilen Italiýa iberildi. Bu geçiriljek işleriň maksady dünýä tomaşaçylary üçin bäsleşikleriň ýaýlyma berilmegini ýokary hilli gurnamakdyr.

Beýleki habarlar