Hytaýda dizayner oýunjak bazary giňeýär, halkara brendler ornaşýar

Hytaýda dizayner oýunjak bazarynyň batly depginde ösmegi bilen, halkara brendleriň ýurtda giňden ornaşmagy olaryň esasy strategiýasyna öwrülýär.
Hytaýyň dizayner oýunjaklary halkara bazarlaryna çykarylýar, şol bir wagtyň özünde daşary ýurt öndürijileri hem Hytaý bazaryna ornaşýarlar. On ýyldan gowrak wagt bäri Hytaýda işläp gelýän Daniýanyň LEGO kompaniýasy munuň aýdyň mysalydyr. Bu kompaniýa esasanam Bahar baýramy ýaly gyzgalaňly möwsümlerde Hytaý medeniýetine mahsus nyşanlary öz önümlerine goşýar.
LEGO kompaniýasynyň Hytaýdaky ýolbaşçysy Maçek Selinskiniň bellemegine görä, kompaniýa öz önümlerini Hytaýa mahsus bolan aýratynlyklara laýyk getirmäge uly üns berýär. Hytaýly sarp edijiler hem bu çemeleşmä oňyn garaýarlar: olaryň aýtmagyna görä, milli medeniýet bilen sazlaşýan oýunjaklar gündelik durmuşda has ýakyn kabul edilýär.
Pudagyň maglumatlaryna görä, Hytaýyň dizayner oýunjak bazarynyň möçberi 2026-njy ýyla çenli 110 milliard ýuandan (ýagny 15 milliard 800 million ABŞ dollaryndan) geçer, bu bolsa 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende iki essä golaý köpdür. Bilermenleriň pikirine görä, ösüş gazanmakda indi diňe bir önümler däl-de, eýsem olaryň satyn alyjyda döredýän duýgulary hem wajyp rol oýnaýandyr. Ýagny önümlere medeni özboluşlylyk hem siňdirilýär. Indi sarp edijiler öňünden meýilleşdirmän, gördükleri satyn alman, harytlary saýlap-seçip satyn alýarlar.
Roland Berger kompaniýasynyň bilermeni Keti Szianyň bellemegine görä, halkara brendler ýönekeý çemeleşmeden, halkara intellektual eýeçiligini Hytaý medeniýeti we döwrebap estetika bilen utgaşdyrmak usulyna geçýärler. Onuň sözlerine görä, Hytaý indi diňe haryt satylýan bazar bolman, eýsem düşünmekligi hem talap edýän medeni giňişlikdir.







