2026-njy ýylyň Bahar baýramy döwründe ýolagçy gatnawlarynyň 9.5 mlrd ýetmegine garaşylýar

Hytaýda 2026-njy ýylyň Bahar baýramy bilen bagly syýahatçylyk möwsümi hepdäniň duşenbe güni – 17-nji fewrala düşýän Hytaý Täze ýylyndan 15 gün öň badalga aldy. Häkimiýetleriň çaklamalaryna görä, Bahar baýramy döwründe ýolagçy gatnawlarynyň 9 milliard 500 milliona ýetmegine garaşylýar.
40 gün dowam etjek syýahat möwsümi 13-nji martda tamamlanar. Bu döwürde demir ýol ulgamy boýunça 540 milliona golaý ýolagça hyzmat edilmegine garaşylýar. Günde ortaça 13 million 480 müň sany ýolagçy gatnawlary amala aşyrylyp, geçen ýyl bilen deňeşdirilende 5 göterim ýokarlanar.
Ýolagçy petekleri 19-njy ýanwarda öňünden satylyp başlandy we hepdäniň ýekşenbe güni sagat 16:00-a çenli 64 million 600 müňden gowrak demir ýol petekleri satyldy. Hepdäniň duşenbe güni irden 2026-njy ýylyň Bahar baýramy möwsüminiň ilkinji ýolagçy otlusy Pekinden ugrap, ol 700-e golaý ýolagçy bilen birnäçe welaýaty geçip, takmynan 20 sagatdan soň Sziansi welaýatynyň Nančan şäherine bardy.
Demir ýol edaralary ýolagçylar üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, ýaşy uly adamlar üçin telefon arkaly petekleri sargyt etmek mümkinçiligini girizdi. Iri geçiş beketlerinde ýolagçy akymyny ýeňilleşdirmek üçin hyzmatlar kämilleşdirildi.
Hytaýyň Demir Ýollarynyň Pekin bölümi şu ýylky syýahatçylyk möwsüminde 41 million 470 müň ýolagça hyzmat etmegi meýilleşdirýär, bu bolsa geçen ýyl bilen deňeşdirilende 2.5 göterim köpdür. Pekin Günorta demir ýol menzilinde enjamlary kuwwatlandyryş enjamlary bilen üpjün edilen oturgyçlar we ýörite meýdançalar döredildi, käbir otlularda öý haýwanlaryny daşamak hyzmaty ýola goýuldy. Pekin–Çžansziakou ýokary tizlikli gatnaw ugrunda bolsa lyža enjamlaryny daşamak mümkinçiligi döredildi.
Iş, okuw ýa-da wagtlaýyn ýaşaýyş sebäpli öýünden daşda bolan millionlarça adamlar her ýyl Bahar baýramy döwründe öz dogduk mekanlaryna gaýdyp gelýärler. Hytaýyň Bahar baýramynyň bellenýän döwri – dünýäde adamlaryň iň köp gatnaýan möwsümi hökmünde häsiýetlendirilýär.







