Guançžou howa menzilinde ýolagçy gatnawlary ylmy-tehnologiýalar bilen ýeňilleşdirilýär

Hytaýyň günortasyndaky Guandun welaýatynda ýerleşýän Guançžou Baiýun halkara howa menzili Bahar baýramynyň 40 günlük syýahat möwsümine niýetlenen hyzmatlary ylmy-tehnologik innowasiýalar arkaly kämilleşdiripdir.
2025-nji ýylyň oktýabr aýynda işe girizilen 3-nji terminal bu syýahat möwsümine ilkinji gezek hyzmat edýär. Bu döwürde howa menzilinde 10 million 500 müňden gowrak ýolagçy gatnawy amala aşyrylar diýlip garaşylýar. Bu san günde ortaça 260 müňden gowrak ýolagça gatnawy diýmekdir we geçen ýyl bilen deňeşdirilende 11.77 göterim ýokarydyr.
Howa gatnawlarynyň sany hem artýar: jemi 65700 töweregi howa gatnawlarynyň amala aşyrylmagyna garaşylýar. Bu günde ortaça 1 643 sany uçuşa deň bolup, geçen ýyla görä 8.45 göterim köpdür. Şeýlelikde, bu möwsüm iň işjeň Bahar baýramy möwsüminiň biri bolar.
Täze tehnologiýalar ýolagçy gatnawlarynyň kadaly dolandyrylmagynda wajyp orun eýeleýär. Öz-özüňe hyzmat ulgamlary arkaly ýolagçylar öz peteklerini resmileşdirip bilýärler, ýany bilen alypýan goşlaryny tabşyrmagy we howpsuzlyk barlaglaryny özbaşdak ýerine ýetirip bilýärler. Köp adamdan ybarat toparlar üçin ýörite ýol görkeziji hyzmatlar hem hödürlenýär.
Mundan başga-da, howa menzilinde gurnalan Bahar baýramynyň söwda çäreleri we medeni çykyşlar syýahatçylara baýramçylyk ruhuny duýmaga mümkinçilik berýär.







