Hytaýyň suwly-batgalyk meýdanlary Aziýada birinji orny eýeleýär

Soňky ýyllarda Hytaýda suwly-batgalyk ekoulgamalaryny goramak we dikeltmek boýunça işler yzygiderli güýçlendirildi. Döwlet Tokaý we Sonarlyk Müdirliginiň duşenbe güni beren maglumatyna görä, ýurduň suwly-batgalyk ýerleriniň umumy meýdany Aziýada birinji, dünýä boýunça bolsa dördünji orny eýeleýär. Hepdäniň duşenbe güni Bütindünýä suwly-batgalyk meýdanlar güni bellenildi.
Hytaý suwly-batgalyk meýdanlaryny goramak boýunça kanunçylyk binýadyny berkitdi we dolandyryş ulgamyny kämilleşdirdi. Häzirki wagta çenli welaýat derejesindäki 21 sany sebit suwly-batgalyk meýdanlaryň goragy boýunça ýerli kadalaşdyryjy namalary kabul edildi ýa-da rejelendi.
Ýurtda köp derejeli suwly-batgalyk meýdanlaryny dolandyryş ulgamy döredildi. Olaryň hatarynda halkara ähmiýetli 82 sany suwly-batgalyk meýdanlary, milli ähmiýetli 80 sany suwly-batgalyk meýdanlary hem-de welaýat derejesinde möhüm hasaplanýan 1208 sany suwly-batgalyk meýdanlary bar. Şeýle hem Hytaý dünýäde iň köp, ýagny 22 sany halkara suwly-batgalyk meýdanly şäherler bolup, ýurduň çäginde 903 sany milli suwly-batgalyk meýdanly seýilgähler döredildi. Olaryň 90 göterimine golaýyna adamlar tölegsiz baryp bilýärler we bu ýerlere ýylda ortaça 320 million adam barýar.
3 800-den gowrak dikeldiş taslamalarynyň çäklerinde bir million gektardan gowrak suwly-batgalyk meýdanlary dikeldildi ýa-da täze döredildi. Maksatlaýyn çäreleriň netijesinde 9 200 gektar mangrow tokaýlyklary ýetişdirildi. Şeýle hem zyýanly Spartina alterniflora ösümliginiň, ýagny ýaýraýan haşal otuň 97300 gektary ýok edildi.
Müdirligiň maglumatyna görä, 2026-njy – 2030-njy ýyllary öz içine alýan 15-nji bäşýyllyk maksatnama döwründe Hytaý suwly-batgalyk meýdanlaryna degişli kanunçylyk ulgamyny has-da kämilleşdirer, gözegçilik we irki duýduryş çärelerini güýçlendirer hem-de suwly-batgalyk meýdanlaryň ekoulgamalarynyň ykdysady gymmatlygyny durmuşa geçirmek boýunça ulgamlary ösdürer.







