Hytaý Alžir üçin hemra uçurdy

Fewral 01, 2026 | 21:09 |69
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Şenbe güni Hytaý ýurduň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän Szýusýuan (Jiuquan) kosmodromyndan Alžire degişli uzak aralykdan gözegçilik hemrasyny uçurdy.

«Long March-2C» raketa göterijisi Pekin wagty boýunça sagat 12:01-de kosmosa uçurylyp, hemrany meýilleşdirilen orbitasyna üstünlikli çykardy.

Alžir hemrasy esasan ýer ulanylyşyny meýilleşdirmek, şeýle hem tebigy betbagtçylyklaryň öňüni almak we olaryň täsirini azaltmak üçin ulanylar.

Şenbe günündäki bu uçuş Hytaýyň «Long March» raketa tapgyrynyň 629-njy missiýasy boldy.

Beýleki habarlar