Hytaý Täze ýylynyň öňüsyrasynda Hytaýyň ähli şäherleri ýagty çyralar bilen bezelýär

Aý senenamasy boýunça Hytaý Täze ýylynyň öňüsyrasynda ýurduň ähli künjeklerinde çyralaryň festiwallary geçirilip başlanýar. Olar gijäni ýagtylandyryp, hytaý halky üçin ýylyň iň uly baýramynyň öňüsyrasynda şatlykly we joşgunly baýramçylyk gurşawyny döredýär.
Şu ýyl Bahar festiwaly, ýagny däp bolan Hytaý Täze ýyly 17-nji fewrala gabat gelýär we hytaý halkynyň aý senenamasynyň 12 sany jandarly zodiak tapgyrynda At ýylynyň başlanýandygyny alamatlandyrýar. Bu Hytaýdaky iň möhüm baýramçylyk bolup, maşgalanyň birleşmegi hem-de geljek ýylda şowlulygy çekmek maksady bilen bellenilýär.
Hytaýyň günorta-günbataryndaky Syçuan welaýatynyň Szýgun şäherinde «Kunpen» atly mifiki hytaý jandaryndan — äpet balykdan äpet guşa öwrülýän mahlukdan ylham alnan ajaýyp yşykly şowlarynyň görkezilişi guraldy. Yşyklaryň kompozisiýasynyň uzynlygy 210 metr bolup, beýikligi 32 metre ýetýär. Bu zatlaryň özi bolsa däp bolan hytaý medeniýetini hem-de häzirki zaman tehnologiki gazananlaryny aýdyň görkezýär.
At ýylynyň gelmegi mynasybetli — erkek adamyň keşbine girip, kakasynyň ornuna goşuna giden meşhur hytaý gahrymany Hua Mulana bagyşlanan çyralaryň toplumy Mulanyň gahrymançylyk keşbini çapýan atlar bilen ussatlyk bilen utgaşdyrýar.
«Mulan — hemmelere mälim at, biz onuň watansöýüjiligini görkezmek isleýäris. Bu dizaýn onuň söweş meýdanyndan ýeňiş bilen dolanyp gelmegini alamatlandyrýar, bu bolsa Aý senenamasynyň Täze ýylynda üstünlik we bereket manysyny berýär», — diýip, Mulana bagyşlanan çyralar toplumynyň baş dizaýneri Duan Şao aýtdy.
Ýakynda Pekiniň sergi seýilgähinde dördünji Çyralar festiwaly hem badalga aldy. Şu ýylky festiwalyň esasy özboluşly tarapy nusgawy hytaý multfilmi bolan «Maýmynlaryň patyşasy: Asmandaky tupan» eseriniň çyralar görnüşinde ilkinji gezek görkezilmegi boldy.
«Bu çyralar festiwalynda biz häzirki zaman golografiki proýeksiýa tehnologiýasyny ulandyk. Gologrammalar asmandaky söweş sahnasyny şekillendirip, ony çagalar üçin has gyzykly eder we olaryň täsirlerini has-da güýçlendirer», — diýip, Çyralar festiwalynyň utgaşdyryjysy Li Weýmin aýtdy.
Şol bir wagtyň özünde, Hytaýyň gündogar bölegindäki Szýansu welaýatynyň Nankin şäherinde geçirilen 40-njy Szinhuaý çyralar festiwaly 15 metrlik uçýan atyň şekilindäki äpet çyra bilen myhmanlary haýran galdyrdy we bu sungatyň gözelligini aýdyň görkezdi.
«Meniň aslym Szýansi welaýatyndan (Hytaýyň gündogary). Umumy gurşaw örän ajaýyp, yşyklar bolsa örän owadan diýip pikir etýärin», — diýip, festiwala gatnaşyjylaryň biri aýtdy.







