Hytaý geljegiň “älem+” pudaklaryny ösdürmegi meýilleşdirýär

Pudak wekilleriniň aýtmagyna görä, Hytaý täjirçilik älem uçuşlary we olaryň ulanyş mümkinçiliklerini utgaşdyrmak arkaly “älem+” diýlip atlandyrylýan geljegiň pudaklaryny ösdürmegi meýilleşdirýär.
Bu barada hepdäniň penşenbe güni Şanhaýda geçirilen Täjirçilik Älem Uçuşlary we Ulanylyşy boýunça Pudaklaýyn Hyzmatdaşlyk Maslahatynda habar berildi. Maslahatyň dowamynda Hytaýyň Älem Ylmy we Tehnologiýa korporasiýasy ýurtda täjirçilik älem pudagynyň geljekki bäş ýyl üçin islegler we teklipler boýunça esasy maglumatlaryny hödürledi.
Hytaýyň älem maksatnamasynyň esasy döwlet hyzmatdaşy bolan Älem Ylmy we Tehnologiýa korporasiýasy 2026-njy – 2030-njy ýyllary öz içine alýan 15-nji bäşýyllyk maksatnamanyň çäginde älem syýahatçylygy, ýokary tehnologiýaly sanly älem infrastrukturalary, älem serişdelerini peýdalanmak hem-de älem ulag dolandyryşy ýaly täze ugurlarda ösüşi gazanmagy maksat edinýändigini aýtdy. Munuň bilen birlikde dürli “älem+” ulanylyş usullarynyň giňeldilmegi göz öňünde tutulýar.
Maslahata ylmy-barlag institutlaryndan, maliýe guramalaryndan hem-de raketa we emeli hemra önümçiligi bilen meşgullanýan kärhanalardan jemi 400-den gowrak wekiller gatnaşdylar.
Maslahatyň dowamynda hödürlenen ösüş baradaky çaklama hasabatyna görä, Hytaý 2026-njy – 2030-njy ýyllar aralygynda pes orbitada ýerleşýän emeli hemra ulgamyny tamamlamagy hem-de gaýtadan ulanylýan älem tehnologiýalaryny kämilleşdirmegi göz öňünde tutýar. Hasabatda uzakda ýerleşýän sebitleriň doly aragatnaşyk bilen üpjün ediljekdigi, “Tiantun” we “BeiDou” ulgamlarynyň bolsa deňizlerde we çöllük ýerlerde aragatnaşyk hem-de nawigasiýa mümkinçiliklerini döretjekdigi bellenilýär.
Hytaý häzirki wagtda “BeiDou” nawigasiýa hemra ulgamy we “Tiantun-1” mobil aragatnaşyk hemra ulgamy arkaly emeli hemra mümkinçiliklerini yzygiderli ösdürýär.







