2025-nji ýylda Hytaýyň býujet çykdajylary 28.74 trillion ýuana ýetdi

Resmi maglumatlara görä, 2025-nji ýylda Hytaýyň döwlet býujetiniň umumy çykdajylary 28 trillion 740 milliard ýuana (ýagny 4 trillion ABŞ dollaryna) barabar boldy we bu görkeziji öňýanyndaky ýyl bilen deňeşdirilende 1 göterim artdy. Bu barada hepdäniň anna güni Hytaýyň Maliýe ministrligi tarapyndan habar berildi.
Hasabat döwründe sosial-durmuş üpjünçiligi we iş bilen üpjünçilik ugurlaryna gönükdirilen çykdajylar 6.7 göterim artdy. Bilim, saglygy goraýyş, ylym we tehnologiýa hem-de daşky gurşawy goramak ugurlaryna goýberilen serişdelerde durnukly ösüş hasaba alyndy. Bu bolsa döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny maliýeleşdirmegiň dowam etdirilýändigini görkezýändir.
2025-nji ýylda Hytaýda ilkinji gezek milli derejede çagalar üçin pul kömegi maksatnamasy işe girizildi. Bu maksatnama boýunça ähli derejelerdäki häkimiýetler tarapyndan 100 milliard ýuana (ýagny, 15 milliard ABŞ dollaryna) golaý möçberde serişde bölünip berildi, şol sanda 90 milliard 400 million ýuandan (ýagny, 13 milliard ABŞ dollaryndan) gowrak serişde merkezi býujetden maliýeleşdirildi. Häzirki wagta çenli bu goýberilen serişdeleriň hasabyna 30 milliondan gowrak bäbeklere we körpe çagalara goldaw berildi.
Içerki sarp edijiligi höweslendirmek maksady bilen, maliýe edaralary 300 milliard ýuan (ýagny, 43 milliard ABŞ dollary) möçberinde uzak möhletli ýörite döwlet obligasiýalaryny çykardy. Bu serişdeler öý hojalyklaryny özleriniň könelen durmuş tehnikalaryny we ulag serişdelerini täzelemäge höweslendirmek üçin ulanyldy.
Maliýe ministrliginiň bellemegine görä, bu çäreler sarp ediş mümkinçilikleriniň artdyrlmagyna hem-de senagat ulgamynyň döwrebaplaşmagyna itergi berdi.







