Pekin restoranynda Kir Starmer nahar taýajyklaryny ulanmaga ökdeligini görkezdi

Ýanwar 31, 2026 | 18:35 |102
CCTV logo
Çeşme: cctv.com



Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri Kir Starmer Pekin restoranlarynyň birinde nahar taýajyklaryny ussatlyk bilen ulanmagy başarýandygyny görkezdi diýip, restoranyň wekili habar berdi.

Premýer-ministr Kir Starmer we onuň wekiliýeti, Pekiniň Sanlitun etrabynda ýerleşýän, Hytaýyň günorta-günbataryndaky Ýunnan welaýatyna mahsus bolan kömelekli tagamlary we beýleki milli naharlary taýýarlamakda at alan restoranda naharlandylar.

Restoranyň baş aşpeziniň aýtmagyna görä, myhmanlaryň her biri üçin çarşak-çemçe goýlandygyna garamazdan, olar nahar taýajyklaryny ulanmaga ökdeligini görkezdiler.

Onuň sözlerine görä, premýer-ministr we wekiliýetiň agzalary nahar taýajyklary bilen naharlanmak üçin öňünden gowy taýýarlyk görüpdirler.

Premýer-ministr Kir Starmeriň Hytaýa resmi sapary hepdäniň şenbe gününe çenli dowam eder.

Beýleki habarlar