2025-nji ýylda Hytaýda howanyň we suwuň hili yzygiderli gowulaşdy

Ýanwar 30, 2026 | 20:28 |129
CCTV logo
Çeşme: cctv.com



2025-nji ýylda Hytaý daşky gurşawy goramak boýunça öňegidişlikleri dowam etdirip, howanyň hili we ýerüsti suwlaryň ýagdaýy boýunça möhüm gowulaşmalary gazandy. Bu barada Ekologiýa we daşky gurşawy goramak ministrliginiň soňky maglumatlarynda habar berilýär.

339 sany şäherlerde howanyň düzümindäki PM2.5 bölejikleriniň ortaça möçberi 28.0 mkg/m³ bolup, geçen ýyl bilen deňeşdirilende 4.4 göterim azaldy. Howanyň düzümindäki PM10 derejesi hem 48 mkg/m³ bolup, 2.0 göterim peseldi. Tozanly hadysalary hasaba alynmadyk ýagdaýynda, arassa howaly günleriň paýy 89.3 göterime ýetip, 2024-nji ýyl bilen deňeşdirilende 1.9 göterim möçberde ýokarlandy.

Ýerüsti suwlaryň hili boýunça hem ýurt derejesinde oňyn ösüşler gazanyldy. Döwlet tarapyndan gözegçilik edilýän 3641 sany ýerüsti suwly meýdançalaryň 91.4 göterimi I – III derejeli gowy hilli hökmünde hasaba alnyp, bu görkeziji 1.0 göterim möçberde ýokarlandy. V derejeden pes hilli suwlaryň paýy 0.6 göterimde durnukly saklandy.

Ýanszy derýasy, Sary derýa, Merjen derýasy, Sunhua derýasy, Huaihe derýasy, Haihe derýasy we Liaohe derýalary ýaly esasy derýa-suw howdanlarynda, şeýle hem demirgazyk-günbatar we günorta-günbatar sebitlerdäki we Hytaýyň gündogaryndaky Žeszian we Fuszian welaýatlaryndaky derýalarda arassa suwuň paýy 93.0 göterime ýetip, 0.6 göterim möçberde artdy, pes hilli suwlaryň derejesi bolsa 0.4 göterim boldy. Döwlet gözegçiligindäki 209 sany köl we suw howdanlarynyň suwlarynyň 78.5 göterimi gowy hilli derejesine ýetip, bu görkeziji 1.4 göterim möçberde ýokarlandy, pes hilli suwlaryň paýy bolsa 3.3 göterime çenli azaldy.

Beýleki habarlar