Hytaýyň wirtual hakykat kinoteatrlary filmleri interaktiw usulda görkezýär

Ýanwar 30, 2026 | 20:17 |97
CCTV logo
Çeşme: cctv.com



Hytaýda wirtual hakykat kinoteatrlarynyň işleriniň ýola goýulmagy kino pudagynda öňegidişlikdir – adamlar kinoteatrda diňe filme tomaşa etmän, indi olar filmleri interaktiw usulda görüp bilýärler.

Pekinde “Hyper Vision” atly ýurduň ilkinji wirtual hakykat kinoteatry köpçülik üçin açyldy. Üç gatdan ybarat, umumy meýdany 3500 inedördül metr bolan bu toplumda bäş sany tematiki görkeziş zallary ýerleşýär. Häzirki wagtda bu ýerde meşhur filmler we sanly telewideniýe, medeni miras, ylmy-fantastika we logiki tapawutlandyryş ýaly dürli ugurlary öz içine alýan 15 sany wirtual hakykat filmleri görkezilýär. Tomaşaçylar ýörite wirtual hakykat enjamlaryny ulanmak arkaly göni wirtual film giňişligine girýärler.

2025-nji ýylda dünýä boýunça wirtual hakykat filmlerini ulanyjylaryň sany 280 milliona ýetdi, olaryň 42 göterimi Hytaýa degişlidir. Hytaýyň iri şäherlerinde wirtual hakykat tehnologiýasynyň ýaýraýyş derejesi 60 göterimden ýokary bolup, interaktiw usulda tomaşa etmeklige bolan ýokary islegi görkezýär.

Diňe 2025-nji ýylda ýurt boýunça görkezilişe taýýarlanan wirtual hakykat filmleriniň sany 140-a golaý boldy. Mazmun döredijiliginiň giňelmegi we doly önümçilik zynjyrynyň döremegi bilen wirtual hakykat kinoformatynda tomaşa etmek has-da köpeldi. Şeýle hem audiowizual pudakda täze mümkinçilikleriň döredilmegine garaşylýar.

Beýleki habarlar