2025-nji ýylda Hytaý 33.1 trln ýuan salgyt ýygnady

Resmi maglumatlara görä, Hytaýyň salgyt edaralary 2025-nji ýylda ykdysadyýetiň durnukly ösüşiniň we bazar işjeňliginiň ýokarlanmagynyň hasabyna jemi 33 trillion 100 milliard ýuan (ýagny 4 trillion 760 milliard ABŞ dollary) möçberinde salgyt we paçlary ýygnap, ýyllyk meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirdi.
Eksport salgyt gaýtarymlaryny hasaplap aýyrmakdan öňki sap salgyt girdejileri 17 trillion 800 milliard ýuana (ýagny 2 trillion 560 milliard ABŞ dollaryna) ýetip, bu görkeziji geçen ýyl bilen deňeşdirilende 2.7 göterim artdy.
Ylmy-tehnologik innowasiýalary we önümçilik pudagynyň ösüşini goldaýan ýeňillikli syýasatlar ýylyň dowamynda 2 trillion 800 milliard ýuandan (ýagny 400 milliard ABŞ dollaryndan) gowrak möçberde salgyt ýeňillikleri, tölegleriň azaldylmagy we salgyt gaýtarymlary görnüşinde goldaw berip, täze öndürijilik mümkinçilikleriniň döremegine hem-de ykdysadyýetiň durnukly ösmegine itergi berdi.







