2025-nji ýylda Hytaýyň döwlet edaralary 2.5 trln ýuan girdeji gazandy

Ýanwar 29, 2026 | 20:05 |89
CCTV logo
Çeşme: cctv.com



Resmi maglumatlara görä, Hytaýyň merkez tarapyndan dolandyrylýan döwlet edaralary 2025-nji ýylda jemi 2 trillion 500 milliard ýuan (ýagny 360 milliard ABŞ dollary) möçberinde girdeji gazandy.

Geçen ýylyň ahyryna çenli olaryň jemi gymmatlklarynyň möçberi 95 trillion ýuandan (ýagny 13 trillion 660 milliard ABŞ dollaryndan) geçdi, esaslandyrylan maýa goýumlary 5 trillion 100 milliard ýuana ýetdi. Şeýle hem Hytaýyň merkez tarapyndan dolandyrylýan döwlet edaralary 2 trillion 500 milliard ýuandan (ýagny 360 milliard ABŞ dollaryndan) gowrak salgyt we paç görnüşinde girdeji alyp, ýurduň senagat zynjyrlarynyň ýokarky we aşaky bölekleriniň bitewi ösüşine möhüm itergi berdi diýip, döwlet gymmatlyklaryny dolandyryş edarasy habar berdi.

Innowasiýa ösüşiň esasy hereketlendiriji güýji bolmagynda galdy. 2025-nji ýylda Hytaýyň merkez tarapyndan dolandyrylýan döwlet edaralary ylmy-barlag we ösüş üçin 1 trillion 100 milliard ýuan (ýagny 157 milliard 690 million ABŞ dollary) möçberinde maýa goýdy, bu görkeziji dördünji ýyl yzly-yzyna 1 trillion ýuandan ýokary boldy. Şeýle hem 100-den gowrak guramany öz içine alan 23 sany innowasion konsorsiumy döredilip, öňdebaryjy tehnologiýalar boýunça möhüm üstünlikler gazanyldy diýip, Döwlet geňeşiniň Döwlet gymmatlyklaryny dolandyryş we gözegçilik komitetiniň orunbasary Pan Siaogan belledi.

Mundan başga-da, Hytaýyň merkez tarapyndan dolandyrylýan döwlet edaralary strategik täze ösýän pudaklara 2 trillion 500 milliard ýuan (ýagny 360 milliard ABŞ dollary) möçberinde maýa goýup, bu olaryň umumy maýa goýumlarynyň 41.8 göterimini düzdi we ýurduň ykdysady we senagat ösüşine güýçli goldaw berdi.

Beýleki habarlar