Hytaýyň döwlet edaralary ylmy-barlag we ösüş üçin 1 trln ýuandan gowrak serişde goýberdi

Ýanwar 29, 2026 | 20:00 |64
CCTV logo
Çeşme: cctv.com



Hytaýyň merkez tarapyndan dolandyrylýan döwlet edaralary 2025-nji ýylda ylmy-barlag we ösüş üçin 1 trillion ýuandan (ýagny 158 milliard ABŞ dollaryndan) gowrak serişde goýberdi. Bu möçber indi yzygiderli dört ýyl bäri 1 trillion ýuandan geçýändir. Bu barada hepdäniň sişenbe güni ýokary derejeli resmi wekil habar berdi.

Döwlet emlägini gözegçilikde saklamak we dolandyrmak boýunça komitetiň maglumatlaryna görä, Hytaýyň merkez tarapyndan dolandyrylýan döwlet edaralarynyň jemi girdejisi 2 trillion 500 milliard ýuana (ýagny 360 milliard ABŞ dollaryna) ýetdi.

Komitetiň başlygynyň orunbasary Pan Siaogan, innowasiýa ugrunda möhüm öňegidişlikleriň gazanylandygyny belläp, öňdebaryjy tehnologiýa ugurlarynda uly ähmiýetli ylmy üstünlikleriň, 100-den gowrak guramany öz içine alan 23 sany innowasion konsorsiumyň döredilendigini, şeýle hem Hytaýyň Ylymlar akademiýasy we Inženerçilik akademiýasyna 22 sany täze akademigiň saýlanandygyny aýtdy.

Resmi maglumatlara görä, Hytaýyň merkez tarapyndan dolandyrylýan döwlet edaralarynda 1 million 440 müň alym zähmet çekýär. Şeýle hem 474 sany milli derejeli ylmy-barlag we ösüş meýdançalary döredildi. Olar ýurduň 22 sany esasy milli ylmy-tehnologik maksatnamalaryna gatnaşyp, Hytaýyň öňdebaryjy orny eýeleýän 121 sany tehnologiki öňegidişliklerine ýardam berdi.

Beýleki habarlar