Gonkong Hytaýyň materik bölegine ýokary tizlikli göni demir ýol gatnawlaryny ýola goýdy

Gonkong sebiti özüniň demir ýol ulgamyny giňeltmek bilen, Hytaýyň materik bölegindäki 16 sany täze şäherlere, şol sanda Wusi, Szýuançžou we Hefei şäherlerine ýokary tizlikli göni demir ýol gatnawlaryny ýola goýdy.
Täze ugurlaryň goşulmagy arkaly, Günbatar Kowlun stansiýasyndan, 19 sany welaýaty we awtonom sebitleri öz içine almak bilen, göni baryp bolýan materik şäherleriniň sany 110-a ýetdi.
Hepdäniň duşenbe güni Günbatar Kowlundan Sziansu welaýatynyň Wusi şäherine ilkinji G386 ýokary tizlikli otly ugradylmagy bilen täze ugurlar resmi taýdan açyldy. Gaýdyşyn ugurdaky G384 gatnawy sişenbe güni Wusi Gündogar bekedinden ugrap, Nanszin Günorta we Hefei Günorta ýaly möhüm duralgalarda saklanyp, şol günüň özünde agşam Gonkonga gelip ýetdi.
Şeýle hem Fuszian welaýatynyň Çýuançžou şäheri ilkinji gezek Gonkong bilen ýokary tizlikli göni demir ýol arabaglanyşygyny ýola goýdy. Bu öňki Fuçžou ýa-da Siameniň üstünden gatnamak zerurlygyny aradan aýyryp, ýol wagtyny we çykdajylary ep-esli azaltdy. Demir ýol edaralary ýolagçy hyzmatlarynyň we maglumat goldaw ulgamynyň kämilleşdirilendigini, halkara gatnawlaryň rahat amala aşyrylýandygyny habar berdi.







