2025-nji ýylda Hytaý 20 million 897 müň sany pasportlary resmileşdirdi

2025-nji ýylda Hytaýda jemi 20 million 897 müň sany adaty pasportlary resmileşdirildi. Bu barada Hytaýyň Milli immigrasiýa edarasynyň hepdäniň çarşenbe güni Pekinde metbugat wekilleri bilen geçiren duşuşygynda habar berildi.
2025-nji ýylyň dowamynda degişli edaralar, Hytaýyň materik böleginiň ýaşaýjylarynyň Gonkong we Makao ýörite dolandyryş sebitlerine hem-de Taýwan sebitine gatnamaklary üçin 98 million 538 müň sany ýol rugsatnamalaryny resmileşdirdi. Şeýle hem, Gonkong, Makao we Taýwan sebitleriniň ýaşaýjylaryna Hytaýyň materik bölegine gatnamaklary üçin 2 million 254 müň sany ýol rugsatnamalary berildi. Mundan başga-da, daşary ýurt raýatlaryna 2 million 20 müň sany wizalar resmileşdirildi.
Hytaýyň Milli immigrasiýa edarasynyň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda immigrasiýa ulgamyndaky jemgyýetçilik hyzmatlary hem yzygiderli kämilleşdirildi. Onlaýn döwlet hyzmatlary meýdançasy arkaly 185 million gezek dürli hyzmatlar ýerine ýetirildi. Gonkong, Makao, Taýwan sebitleriniň ýaşaýjylaryny, daşary ýurtlardaky hytaýlylary we Hytaýda hemişelik ýaşaýan daşary ýurt raýatlaryny öz içine alýan 76 million 329 müň sany ulanyja şahsyýeti tassyklamak hyzmatlary mugtuna ýerine ýetirildi.
Immigrasiýa edaralarynyň 12367 milli hyzmat meýdançasy 2025-nji ýylda 7, million 110 müň sany ýüztutmalary kabul edip, hyzmatlardan kanagatlanma derejesi 99.5 göterime ýetdi.







