Hytaýda Bahar baýramynyň däpleri: senetçilik bazarlary we yşyklandyryjy çyralar

Hytaýyň dürli şäherlerinde Bahar baýramynyň, ýagny Hytaý Täze ýylynyň öňüsyrasynda senetçilik bazarlary, däp-dessura eýerýän çäreleri we baýramçylyk dabaralary giňden geçirilýär. Öňden gelýän däp-dessurlar bilen häzirki zaman baýramçylyk ruhuny utgaşdyrýan çäreler At ýylyny garşy almaga bagyşlanandyr. Şu ýyl Hytaý Täze ýyly 17-nji fewrala gabat gelýär.
Hytaýyň Guançžou şäherinde ýurduň dürli künjeklerinden gelen 60-dan gowrak ussat senetkärleriň gatnaşýan milli maddy däl medeni miras bazary gurnalyp, ol ýerde ýerli tagamlar, milli egin-eşikler we döredijilik önümleri hödürlenýär. Çaožou şäherinde bolsa sergileri, medeni çykyşlary we syýahatçylygy öz içine alýan ýörite çäreler başlandy.
Hytaýyň Ýunnan welaýatynyň Dali şäherinde Erhaý kölüniň kenaryndaky Täze ýyl bazaryna ýerli önümleri, milli el işlerini we tagamlary satyn almaga gelýän myhmanlaryň yzy üzülenok. Tianszin şäherinde geçirilýän “Çagalar ybadathana baýramy” arkaly ýaşlar däp-dessurlara degişli çäreler arkaly milli medeni miras bilen ýakyndan tanyşýarlar.
Şeýle hem Şanhaý şäherindäki Ýuýuan bagynyň yşyklandyryjy çyralar festiwaly açyldy. Yşyklandyryjy çyralar sergisi 3-nji martda geçiriljek Çyralar baýramyna çenli dowam eder. Bu medeni çäre birnäçe köçäni gurşap alyp, Tan neberesiniň atlaryna bagyşlanan çyralar we sanly tehnologiýalar bilen bezelen önümler görkezilýär.
Bu çäreler ýurt boýunça tutuş jemgyýetiň Täze ýyly däp-dessurlar, medeni gymmatlyklar we innowasion çemeleşmeler arkaly garşy alýandygyny görkezýändir.







