2025-nji ýylda Hytaýyň esasy senagat kärhanalarynyň girdejisi 0.6% ýokarlandy

2025-nji ýylda Hytaýyň esasy senagat kärhanalarynyň girdejisi öňýanyndaky ýyla garanda 0.6% ýokarlanyp, 7.3982 trillion ýuana (ýagny 1 trillion 060 milliard ABŞ dollaryna) barabar boldy. Bu barada Hytaýyň Milli Statistika edarasy tarapyndan habar berildi.
Ýyllyk esasy iş girdejileri 20 million ýuandan az bolmadyk bellenen derejedäki senagat kärhanalary geçen ýyl jemi 139 trillion 200 milliard ýuan (ýagny 19 trillion 940 milliard ABŞ dollary) möçberde girdeji gazandy, bu bolsa öňki ýyla garanda 1.1% ýokarydyr.
Hytaýyň esasy senagat kärhanalarynyň girdejileri soňky üç ýyldaky pese gaýtmagyny togtadyp, 2025-nji ýylda ýene ösüşe geçdi. Enjam gurluşygy we ýokary tehnologiýaly önümçilik ýaly täze pudaklar ösüşe esasy itergi beriji güýç boldy.
Dekabr aýynda bolsa esasy senagat kärhanalarynyň girdejileri geçen ýylyň degişli döwrüne garanda 5.3% ýokarlandy.







