2025-nji ýylda Hytaýyň daşary söwdasy we maýa goýumlary durnukly ösdi

Ýanwar 28, 2026 | 19:56 |65
CCTV logo
Çeşme: cctv.com



Hytaýyň söwdany ösdürmek ulgamy 2025-nji ýylda ýurduň daşary söwdasyny we maýa goýumlaryny durnukly saklamaga ýardam berdi. Bu barada hepdäniň ýekşenbe güni Pekinde geçirilen Milli Söwdany Ösdürmek Maslahatynda we Hytaý Halkara Söwdany Ösdürmek Geňeşiniň nobatdaky mejlisinde wekiliýet agzalary habar berdi.

Çylşyrymly halkara söwda ýagdaýlaryna garamazdan, milli söwdany ösdürmek ulgamy kärhanalara täze bazarlara çykmaga, ösüş depginini güýçlendirmäge we işewürlik gurşawyny gowulandyrmaga goldaw berdi. Netijede daşary söwda çalt ösüş görkezdi.

Hytaý Halkara Söwdany Ösdürmek Geňeşiniň ýolbaşçysy Ren Hongbin maslahatda şeýle diýdi: “‘Müň topar daşary ýurtlara gidýär’ atly maksatnamasy ýokary netije berdi. Ýylyň dowamynda 2144 sany topar 92 sany ýurtda we sebitde ylmy-barlag we işewürlik gepleşiklerini geçirdiler. Bu bolsa kompaniýalaryň dünýä bazarlaryna çykmagyna güýçli itergi berdi. Ýönekeý kesgitnamalaryň 8 million 413 müňden gowragy berildi, bu bolsa geçen ýyla garanda 18.94% ýokarydyr”.

“Daşary ýurt maýa goýumly kärhanalar üçin 830-dan gowrak maslahat geçirildi, onda 6 500-den gowrak kärhanala gatnaşdy. Daşary maýa goýumly kärhanalardan 1022 sany teklipler toplandy, şolaryň 741-si çözüldi ýa-da göni jogap berildi” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Hytaý Halkara Söwdany Ösdürmek Geňeşi 2026-njy ýylda dünýä ykdysadyýetiniň orta depginde ösjekdigini çaklaýar we daşary söwdany durnukly saklamak boýunça tagallalary has-da güýçlendirmegi, daşary maýa goýum hyzmatlaryny we kepillik ulgamyny kämilleşdirmegi maksat edinýär. Ýokary standartly açyklyk syýasatyny dowam etdirip, ähli ýurtlar bilen bähbitleriň utgaşmasyny çuňlaşdyrmak we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň täze görnüşini döretmek üçin iş alyp barmagy göz öňünde tutýar.

Beýleki habarlar