2025-nji ýylda Hytaýyň ikitaraplaýyn maýa goýumlarynyň möçberi artdy

Ýanwar 27, 2026 | 19:30 |102
CCTV logo
Çeşme: cctv.com



2025-nji ýylda Hytaýyň ikitaraplaýyn maýa goýumlarynyň möçberi artdy. Bu barada hepdäniň sişenbe güni Pekinde metbugat wekilleri bilen geçirilen duşuşykda, Hytaýyň Söwda ministriniň orunbasary Ýan Dun habar berdi.

Onuň bellemegine görä, daşary ýurtlaryň göni maýa goýumlaryny çekmek boýunça işler güýçlendirildi, hyzmatlar pudagy tapgyrlaýyn giňeldildi hem-de “Hytaýa maýa goýmak” ýörelgesi has-da ösdürildi. 2025-nji ýylyň dowamynda Hytaýda daşary ýurt maýa goýumlaryny ulanýan 70 müňden gowrak täze kärhanalar döredildi, bu görkeziji geçen ýyl bilen deňeşdirilende 19.1 göterim ýokarlandy. Şonuň ýaly-da, 2025-nji ýylda Hytaýyň materik böleginde peýdalanylan daşary ýurt maýasynyň umumy möçberi 747 milliard 690 million ýuana (ýagny 107 milliard 200 million ABŞ dollaryna) deň boldy, onuň 32.3 göterimi ýokary tehnologiýaly pudaklara gönükdirildi.

Daşary ýurtlara goýlan maýa goýumlar babatynda – senagat we üpjünçilik zynjyrlary boýunça halkara hyzmatdaşlyk giňeldildi, söwda bilen maýa goýumlaryň utgaşdyrylmagy güýçlendirildi, “Bir guşak – bir ýol” başlangyjy çäklerinde ykdysady we söwda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyryldy hem-de daşary ýurtlarda maýa goýumlar üçin hyzmat ediş ulgamy kämilleşdirildi. 2025-nji ýylda maliýe däl pudaklarda Hytaýyň daşary ýurtlara gönükdirilen göni maýa goýumlarynyň umumy möçberi 1.6 göterim ýokarlanyp, 1 trillion ýuana (ýagny 143 milliard 40 million ABŞ dollaryna) ýetdi. Şeýle hem daşary ýurtlarda ýerine ýetirilýän şertnama taslamalary boýunça täze baglaşylan şertnamalaryň umumy bahasy 2 trillion 100 milliard ýuana (ýagny 301 milliard 100 million ABŞ dollaryna) ýetip, 8.5 göterim ösüş görkezdi.

Beýleki habarlar