Ýanszy derýasynyň deltasy 2025-nji ýylda Hytaýyň daşary söwdasynyň 37%-ini üpjün etdi

Hytaýyň gündogarynda ýerleşýän Ýanszy derýasynyň deltasy 2025-nji ýylda ýurduň daşary söwdasynda öňdebaryjy ornuny has-da berkitdi. Gümrük edarasynyň maglumatlaryna görä, sebitiň import-eksport amallarynyň jemi möçberi 17 trillion 20 milliard ýuana (ýagny 2 trillion 440 milliard ABŞ dollaryna) ýetip, geçen ýyl bilen deňeşdirilende 6.3 göterim artdy. Şeýlelikde, Hytaýyň umumy daşary söwdasynda bu sebitiň paýy 37.4 göterime ýetdi.
Şanhaý şäherini, Sziansu, Žeszian we Anhoý welaýatlaryny öz içine alýan, 358 müň inedördül kilometr meýdany tutýan bu sebit Hytaýyň iň innowasion we ykdysady taýdan işjeň merkezleriniň biri hasaplanýar. 2025-nji ýylda sebitiň eksport möçberi 10 trillion 840 milliard ýuana (ýagny 1 trillion 550 milliard ABŞ dollaryna) barabar bolup, bu milli eksportyň 40 göteriminden gowragyny düzdi.
Žeszian welaýaty elektromobilleriň önümçiligi boýunça esasy merkezleriň birine öwrüldi. 2025-nji ýylda welaýatda iki milliondan gowrak awtoulag öndürildi, olaryň 60 göteriminden gowragy elektrik enrgiýasy bilen işleýän ulaglar boldy. Ilkinji gezek elektromobilleriň önümçiligi bir million birlikden geçdi. Sebitde ýerleşýän iri öndürijileriň biri 2025-nji ýylda 600 müňe golaý elektromobilleri ýerledi, bu bolsa geçen ýyl bilen deňeşdirilende 103 göterim ösüşi görkezdi. Ulaglaryň esasy bazarlary Ýewropa we Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlarydyr.
Daşary sargytlaryň artmagy logistika ulgamynda hem täze çözgütleriň ornaşdyrylmagyna itergi berdi. Wençžou şäherindäki Çžuanýuanao portunda “mündür/düşür” (ro-ro) gämi hyzmatlarynyň işe girizilmegi awtoulag eksportynyň tizligini we netijeliligini ep-esli ýokarlandyrdy. Netijede, käbir kompaniýalaryň ýyllyk eksport möçberi 100 göterimden gowrak artdy.
Häzirki wagtda elektromobiller 150-den gowrak ýurtlara eksport edilýär. Ýakyn Gündogar bazaryna eksportyň möçberi 10 milliard ýuandan geçdi. Şeýle hem Ýewropa Bileleşigine, Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlaryna, Afrika, Günorta Amerika we Awstraliýa ugurlaryna satylýan awtoulaglaryň möçberi azyndan iki esse artdy.
Berk önümçilik binýady, doly işleýän senagat zynjyrlary, innowasiýa we açyk ykdysady düzgünler Ýanszy derýasynyň deltasyna daşary söwdanyň möçberini, gurluşyny we köpdürliligini yzygiderli ösdürmäge mümkinçilik berdi. Şeýle hem gämi gurluşygy, deňiz inženerçiligi we biolukmançylyk ýaly ýokary tehnologiýaly önümleriň eksporty 7 – 11 göterim aralygynda ösüş görkezdi.







