2025-nji ýylda halkara söwda hyzmatdaşlygynda netijeli ösüş gazanyldy

2025-nji ýylda Hytaýyň iki taraplaýyn we köptaraplaýyn halkara söwda hyzmatdaşlygynda netijeli ösüş gazanyldy diýip, Hytaýyň Söwda ministriniň orunbasary Ýan Dun hepdäniň duşenbe güni habar berdi.
Onuň bellemegine görä, döwlet Baştutanynyň daşary syýasat strategiýasy esasynda alnyp barylýan iki taraplaýyn hyzmatdaşlygyň çäklerinde Hytaý – ABŞ ykdysady we söwda geňeşmeleri oňyn netijeleri berdi we bu ýagdaý dünýä ykdysadyýetiniň durnuklylygy üçin möhüm kepillik döretdi. Şeýle hem Hytaý – Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlarynyň birleşiginiň agzalarynyň Erkin Söwda Zolagynyň 3.0 täzelenen teswirnamasyna gol çekilip, Hytaý – Maldiw Erkin Söwda Ylalaşygy işe girizildi we üstünlikli durmuşa geçirilip başlandy.
Hytaýyň aç-açanlyk ýörelgeleriniň çäginde, Afrikanyň Hytaý bilen diplomatik gatnaşyklaryny ýola goýan ähli ýurtlaryna paçsyz söwda etmek mümkinçilikleriniň berilmegi ýaly başlangyçlar durmuşa geçirildi. Bu çäreler dünýäniň ösüşine has anyklyk we oňyn itergi bermäge gönükdirilendir.
Resmi maglumatlara görä, häzirki wagta çenli Hytaý 31 sany ýurt we sebit bilen 24 sany erkin söwda ylalaşygyny baglaşdy. Erkin söwda hyzmatdaşlarynyň paýy ýurduň haryt söwdasynyň umumy möçberiniň 45 göterimini düzýändir.
Köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk barada aýdylanda, Hytaý döwleti Bütindünýä Söwda Guramasynyň häzirki we geljekki gepleşiklerinde özi üçin täze ýörite ýeňillikleri talap etmejekdigini resmi taýdan yglan etdi. Şeýle hem Hytaý Birleşen Milletler Guramasyna degişli guramalary, Aziýa-Ýuwaş ummany ykdysady hyzmatdaşlygy (APEC), Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasy (ŞHG), BRICS we “Uly 20-lik” (G20) ýaly halkara hyzmatdaşlyk meýdançalaryň üsti bilen ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyny ösdürmegi dowam etdirýär.
Ýan Dunuň sözlerine görä, “daşky gurşawa zyýansyz magdançylyk we minerallar boýunça halkara ykdysady hyzmatdaşlyk başlangyjyna” häzirki wagtda 20-den gowrak ýurtlaryň we halkara guramalaryň gatnaşmagy bilen, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine işjeň itergi berilýär.







