Gonkongda Aziýanyň 19-njy Maliýe Forumy açyldy

Ýanwar 27, 2026 | 19:18 |93
CCTV logo
Çeşme: cctv.com



Hepdäniň duşenbe güni Hytaýyň Gonkong Ýörite Dolandyryş Sebitinde Aziýanyň 19-njy Maliýe Forumy – Aziýanyň 2026-njy ýyldaky ilkinji iri halkara maliýe çäresi öz işine başlady. Bu forumda maliýe pudagynyň senagat ösüşindäki möhüm orny barada maslahatlar geçiriler.

Gonkongyň hökümeti we Gonkong Söwda ösüş geňeşi tarapyndan bilelikde gurnalan bu çärä dünýäniň 60-dan gowrak ýurdundan we sebitinden 3600-den gowrak hünärmenler we bilermenler gatnaşýar. Şeýle hem bu foruma daşary ýurtlardan we Hytaýyň materik böleginden 80-e golaý işewürler wekiliýetleri gatnaşýar.

Forumyň maksatnamasynyň çäginde Gonkong sebitini halkara altyn söwda merkezi hökmünde ösdürmäge bagyşlanan ýörite maslahatlar hem geçirilýär. Şeýle hem bu çärä 150-den gowrak halkara derejesindäki resmi wekiller, işewürler we maliýe edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de bilermenler gatnaşýar.

Gonkong hökümetiniň ýolbaşçysy Jon Li Ka-çiu, öz çykyşynda Gonkong sebitinde Hytaýyň materik bölegi bilen maliýe bazarlarynyň özara baglanyşygyny berkitmegi dowam etdiriljekdigini we täze ösüş ugurlaryna itergi beriljekdigini aýtdy.

Forumyň çäklerinde ilkinji gezek geçirilýän Ählumumy Işewürlik Sammiti maliýe pudagy bilen senagatyň çuňňur utgaşdyrylmagyna, hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine hem-de Gonkong sebitiniň halkara maliýe we söwda merkezi hökmünde artykmaçlyklaryny doly peýdalanmak barada maslahatlar geçirildi.

Forum hepdäniň sişenbe gününe çenli işini dowam etdirer we onuň dowamynda dünýäniň ykdysady ugurlary, ösüş çaklamalary we maliýe-senagat hyzmatdaşlygy boýunça maslahatlar, plenar mejlisler hem-de tematiki duşuşyklar geçiriler.

Beýleki habarlar