2025-nji ýylda Hytaý raýatlarynyň syýahatlary ep-esli artdy

Hepdäniň duşenbe güni Hytaýyň Medeniýet we Syýahatçylyk ministrliginiň habar bermegine görä, 2025-nji ýylda Hytaýyň materik böleginde ýaşaýan raýatlar jemi 6 milliard 522 million gezek syýahatçylyk gatnawyny amala aşyrypdyrlar. Bu bolsa geçen ýylkydan 907 million artyk bolup, 16.2 göterim ösüş görkezdi.
Ministrligiň geçiren soragnamalarynyň netijelerine görä, şäher ýaşaýjylarynyň amala aşyran syýahatlarynyň sany 4 milliard 996 milliona ýetip, bu görkeziji geçen ýyla görä 14.3 göterim ýokarlandy. Oba ýaşaýjylarynyň syýahatlarynyň sany bolsa 1 milliard 526 million bolup, ýyllyk ösüş 22.6 göterime ýetdi.
2025-nji ýylda Hytaýyň ýaşaýjylarynyň syýahatçylyk çykdajylary 6 trillion 300 milliard ýuana (ýagny 903 milliard 410 million ABŞ dollaryna) barabar boldy. Bu görkeziji geçen ýyl bilen deňeşdirilende 550 milliard ýuan köp bolup, ýyllyk ösüş derejesi 9.5 göterim boldy.
Şäher ýaşaýjylarynyň syýahatçylyk çykdajylary 5 trillion 300 milliard ýuana ýetip, 7.5 göterim artdy. Oba ýaşaýjylarynyň syýahat üçin sarp eden serişdeleri bolsa 21.4 göterim ýokarlanyp, 1 trillion ýuana ýetdi.
Bu maglumatlar Hytaýda içerki syýahatçylygyň durnukly ösýändigini, şäher we oba ilatynyň syýahat etmek mümkinçilikleriniň we höwesleriniň barha artýandygyny görkezýändir.







