Emeli intellekt boýunça milli innowasiýa bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

Ýanwar 26, 2026 | 20:47 |118
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Hytaýyň gündogaryndaky Sziansu welaýatynyň Suçžou şäherinde geçirilen Emeli intellekti ulanmak mümkinçilikleri boýunça Hytaýyň üçünji milli innowasiýa bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda emeli intellekt bilen baglanyşykly öňdebaryjy innowasion taslamalar giňişleýin tanyşdyryldy.

Hepdäniň anna gününden ýekşenbe gününe çenli dowam eden bu bäsleşik Hytaýyň Emeli intellekt boýunça birleşmesi we beýleki degişli edaralar tarapyndan bilelikde gurnalandyr. Bu bäsleşik uly emeli intellekt modelleri, döredijilikli emeli intellekt we bedene ornaşdyrylan emeli intellekt ýaly möhüm ugurlardan ybarat boldy. Bäsleşige Hytaýdan we daşary ýurtlardan 3250-den gowrak toparlar gatnaşyp, olaryň 113-si jemleýji tapgyra çykmagy başardy.

Bäsleşikde esasy tehnologiýalaryň hakyky durmuşda ulanylyş mümkinçiliklerini, şeýle hem olaryň senagat ulgamyna ornaşdyrylyş derejesini giňişleýin synagdan geçirildi. Maglumatlar toplumy boýunça baha bermeler, iş ýüzünde synaglar we algoritmik seljerişleriň netijesinde 12 sany topara iň ýokary baýraklar gowşuryldy.

Şol baýrakly taslamalaryň arasynda Huaçžun Ylym we tehnologiýa uniwersitetiniň Mehaniki ylymlar we inženerçilik ugry boýunça doktoranty He Iminiň ýolbaşçylygyndaky toparyň taýýarlan taslamasy aýratyn ünsi çekdi. Bu taslama guraldaky emeli intellekte esaslanýan, adam bilen enjamyň hyzmatdaşlygyna daýanýan akylly iş we tehniki hyzmatlar ulgamyny hödürleýär.

Toparyň ýolbaşçysy He Iminiň bellemegine görä, bu ulgam senagat enjamlarynyň ýagdaýyny edil häzirki wagtda seljerip, olaryň “saglygyny” barlamaga mümkinçilik berýär.

“Bu taslamany şertli ýagdaýda ‘lukman robot’ diýip hem häsiýetlendirmek bolýar. Adaty ýagdaýda anyklaýyş işi hünärmenleriň tejribesine we bilimlerine daýanýar. Biz bolsa emeli intellekt tehnologiýasy arkaly bu ugurda täze derejä çykmagy başardyk” diýip, He Imin düşündirdi.


Guraldaky emeli intellekt – emeli intellekt algoritmleriniň sensorlara ýa-da Zatlaryň internetiniň enjamlaryna gönüden ornaşdyrylmagyny aňladýandyr. Bu bolsa maglumatlaryň “bulut” infrastrukturasyna iberilmezden, edil häzirki wagtda ýerinde işlenmegine we seljerilmegine mümkinçilik döredýär.

Şeýle hem çärede ýurt derejesinde emeli intellektiň innowasion ulanylyş mümkinçiliklerine bagyşlanan ýörite ýygyndy hödürlendi. Onda öňdebaryjy tehnologiýaly önümçilik, saglygy goraýyş we ulaglar ýaly bäş sany esasy ugur boýunça 100 sany ýokary gymmatly emeli intellekt çözgütleri ulgamlaýyn görnüşde beýan edilýär. Bu ýygyndy mümkinçiliklere esaslanýan emeli intellekt ulanylyşynyň ylmy taýdan öwrenilmegine we onuň giňden ornaşmagyna möhüm goldaw berýär.

Beýleki habarlar