Hançžou şäherinde ilkinji emeli intellektli robot restorany synag tertibinde işe başlady

Hytaýyň gündogaryndaky Žeszian welaýatynyň Hançžou şäherinde emeli intellekt ornaşdyrylan robotlar tarapyndan doly dolandyrylýan restoran synag tertibinde işe başlady. Bu desga welaýatda açylan ilkinji emeli intellektli robotlaryň hyzmat edýän restoranydyr.
Restoranyň içinde emeli intellektli aşpez robotlar esasy naharlary, şol sanda milli “Üç tabakdaky jüýje” tagamyny, dürli görnüşli tagamlary, içgileri hem-de süýjülikleri awtomatlaşdyrylan ulgam arkaly taýýarlaýarlar. Naharlaryň öňünden bellenen düzümini robotlara girizip, bu robotlar şol düzüme laýyklykda önümleri goşup, garyşdyryp, bişirip we tagamyny sazlap, birnäçe minutyň dowamynda täze taýýarlanan naharlary hödürleýärler.
Restoranyň işgärleriniň maglumatlaryna görä, aşpez robotlaryň sanly menýusy 100-den gowrak nahary öz içine alýar we olaryň köpüsi Hançžou aşhanasynyň ýeňil, täze we özboluşly ýakymly tagam däplerine esaslanýar. Şeýle hem, döredijilik topary Hytaýyň 24 sany möwsümleýin ýörite taýýarlanan naharlaryny döredip, häzirki zaman tehnologiýasyny milli iýmit medeniýeti bilen utgaşdyrýar.
Şeýle hem restorandaky robot bir wagtyň özünde üç dürli aşly tagamlary taýýarlap bilýär, her müşderiniň sargydy ortaça üç minudyň dowamynda ýerine ýetirilýär.
Häzirki wagtda restoranda 10-dan gowrak robot işleýär. Olar aşpezçilik, aş kesmek we kofe taýýarlamak işleri bilen birlikde, hyzmat etmek we arassaçylyk geçmek işlerini hem ýerine ýetirýär.







