Hytaýyň gündogaryndaky Anhoý welaýatynda iň uly gyşky daglyk şypahanasy açyldy

Hytaýyň gündogarynda ýerleşýän Anhoý welaýatynyň paýtagty Hefei şäherinde iň uly açyk ýerdäki gyşky daglyk şypahanasy – Žaşan Lyža Seýilgähi hepdäniň şenbe güni resmi taýdan açyldy. Şypahananyň açylan güni lyžada gezelenç etmekligiň 2 müňden gowrak muşdaklary bu ýere gelip, gyşky sportuň bu görnüşinden lezzet aldylar.
39 müň inedördül metre golaý meýdany eýeleýän lyža seýilgähi dürli derejedäki türgenler üçin niýetlenen 4 sany lyža ýodasyny, 3 sany konweýer lentasyny we çagalar üçin aýratyn oýun meýdançasyny öz içine alýandyr.
Günde 3 müň adama çenli hyzmat etmek mümkinçiligi bolan bu desga, lyžada gezelenç etmek bilen gyzyklanýanlaryň isleglerini kanagatlandyrmak we hyzmat derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen infrastrukturasyny hem-de hyzmat ulgamyny yzygiderli kämilleşdirýär.
Lyžaçy Din Şouçiniň sözlerine görä, bu ýerde enjamlar täze, daşky gurşaw ýakymly we hyzmat ulgamy ýokary derejede gurnalan: “Lyžalar we lyža köwüşleri täze, umumy gurşaw örän ýakymly. Şeýle hem tebigy şertler örän amatly. Bu seýilgähiň Hefei şäherine ýakyn ýerleşýändigi sebäpli ýerli ýaşaýjylary üçin bu ýerde lyžada gezelenç etmek örän oňaýly bolar. Işgärler bize kömek edýär, başlangyç hereketleri öwredýär – ähli zat çalt, amatly we oýlanyşykly gurnalan.”
Ýerli häkimiýetler daglyk lyža şypahanasyny, golaýdaky ýyly suw çeşmeleri, myhman jaýlary we beýleki meşhur syýahatçylyk ýerleri bilen utgaşdyryp, dürli mümkinçilikleri döretmek arkaly gyşky syýahatçylygy ösdürmegi maksat edinýärler.







