Pekiniň Tomus köşgüniň buz meýdançasynda emeli intellektli robotlar hyzmat edýär

Hytaýyň Pekin şäherinde, gyşky dynç alyş medeniýetini sanly döwrebaplaşdyrma arkaly myhmanlara indi täzeçe hyzmat edilýär. Pekiniň iň uly tebigy buz meýdançasyna, ýagny Tomus köşgüniň buz meýdançasyna gelýän myhmanlaryň bu ýerde öz wagtyny hoş geçirip, göwnejaý dynç almaklary üçin olara emeli intellektli robotlar hyzmat edýär.
Meýdany 160 müň inedördül metre barabar bolan (ýagny 90 sany hokkeý meýdançasynyň ululygynda) bu giň buz meýdançasynda dürli sebitlerden gelen uly-kiçi adamlar buz welosipedlerinde we typýan oturgyçlara münip, gyşky meýdançada döredilen mümkinçilikleriň hözürini görýärler.
Ýerli ýaşaýjylar Hytaýyň günortasyndaky garyň seýrek ýagýan ýa-da asla ýagmaýan sebitlerden gelen myhmanlary öz ýanlary bilen getirip, olar bilen bile buzda typyp, gezelenç edýärler. Ýaşy ulurak adamlar buzda typmagyň özlerine çagalyk döwrüni ýatladýandygyny joşgun bilen gürrüň berýärler. Bu ýere öňünden meýilleşdirip, dostlary bilen ýörite gelen myhmanlar hem hezil edip dynç alýarlar.
Her gün bu syýahatçylyk toplumyna gelýän 10 müňe golaý myhmanyň buz meýdançasynda rahat hem howpsuz dynç almagy üçin “Siao Ýi” atly emeli intellektli roboty işe girizildi. Bu robot myhmanlara seýilgähde dynç almak üçin öňünden berkitmek hyzmatyny, buz meýdançasyna barmak üçin salgy bermek we ugrukdyrmak hyzmatlary ýerine ýetirýär hem-de bar bolan hyzmatlar we mümkinçilikler barada edil häzirki wagtda maglumat berýär. Bu hyzmatlar mobil telefonlar arkaly hem elýeterlidir.
Tomus köşgüniň Maglumat bölüminiň ýolbaşçysy Bai Enszuan, emeli intellektli robotlaryň hyzmat ulgamy myhmanlara seýilgähleriň iş wagty, petek maglumatlary, gämi gezelençleri, geçirilýän sergiler we çäreler we beýleki hyzmatlar boýunça giňişleýin maglumatlary berýär.







