2025-nji ýylda Hytaýda bölekleýin satuw möçberi 50.1 trln ýuana ýetdi

Hytaýda 2025-nji ýylda sarp ediş harytlarynyň bölekleýin satuwy 50 trillion 100 milliard ýuana (ýagny 7 trillion 200 milliard ABŞ dollaryna) ýetip, geçen ýyl bilen deňeşdirilende 3.7 göterim ösüş görkezdi. Bu barada Pekinde geçirilen metbugat maslahatynda Söwda ministrliginiň wekili He Ýunçýan habar berdi.
Onuň bellemegine görä, bu görkeziji Hytaýyň bölekleýin satuwynyň ilkinji gezek 50 trillion ýuandan geçendigini aňladýandyr. Ahyrky sarp edijilik möçberiniň ykdysady ösüşe goşandy 52 göterime ýetmek bilen, ýurduň “uly sarp edijilik bazarynyň” mümkinçilikleriniň has-da artýandygyny görkezýändir.
2025-nji ýylda giňeldilen köne-harydy täze-haryda çalyşmak maksatnamalarynyň çäklerinde 366 million geleşik amala aşyrylyp, olaryň jemi möçberi 2 trillion 610 milliard ýuana (ýagny 375 milliard ABŞ dollaryna) ýetdi. Bu çäreler sarp edijiligiň ekologiýa taýdan arassa we öňdebaryjy tehnologiýaly önümlere geçilmegine itergi berdi.
Geçen ýyl täze energiýaly ulaglaryň bölekleýin satuwy 17.6 göterim, ýokary energiýa we suw tygşytlaýjy öý enjamlaryny satyn alanlaryň sany 20 göterim artdy. Şeýle-de, täze tehnologiýaly äýnekleriň, sagatlaryň we bilezikleriň satuwy 40 göterimden gowrak ýokarlandy.
Ministrligiň wekili geljekde hem sarp edijilik bazaryny ösdürmek boýunça işleriň dowam etdiriljekdigini we maksatnamalaryň ilata anyk peýda getirmegini gazanmak üçin zerur tagallalaryň alnyp baryljakdygyny aýtdy.







