2025-nji ýylda Hytaýyň hyzmatlar pudagy durnukly ösüşini dowam etdirdi

Hytaýyň Milli statistika edarasynyň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda Hytaýyň hyzmatlar pudagy durnukly ösüşini saklap, ýurduň umumy ykdysady ösüşinde möhüm hereketlendiriji güýje öwrüldi. Ýurduň ykdysadyýetiniň ösmeginde häzirki zaman hyzmat ugurlary öňdebaryjy orny eýeledi.
Hyzmatlar pudagynyň goşmaça gymmaty ýyllyk hasapda 5.4 göterim artyp, 80 trillion 890 milliard ýuana (ýagny 11 trillion 620 milliard ABŞ dollaryna) barabar boldy. Hyzmatlar pudagynyň ykdysady ösüşe goşandy 61.4 göterime barabar bolup, bu görkeziji geçen ýyl bilen deňeşdirilende 3.7 göterim ýokarlandy.
Maglumat geçiriş, programma üpjünçiligi we maglumatlar tehnologiýasynyň hyzmatlary 11.1 göterim, lizing we işewürlik hyzmatlary bolsa 10.3 göterim ösüş görkezdi. Bu ýagdaý häzirki zaman hyzmatlarynyň ykdysadyýetdäki öňdebaryjy ornuny aýdyň görkezýändir.
Bilermenleriň bellemegine görä, degişli syýasatlaryň doly durmuşa geçirilmegi netijesinde hyzmatlar pudagyna bazaryň ynamy güýçlendi, özgeriş we döwrebaplaşma depgini artdy. Sarp edijileriň üýtgäp duran isleglerine jogap hökmünde, emeli intellekt ýaly täze tehnologiýalar geljekde täze hyzmat modelleriniň emele gelmegine şert döredip, makroykdysady durnuklylygy üpjün etmekde we ýokary hilli ösüşi ilerletmekde möhüm rol oýnar.







