Hytaý innowasiýa arkaly gurluşyk pudagynyň hilini we bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrar

Hytaý 2026–2030-njy ýyllary öz içine alýan 15-nji bäşýyllyk maksatnamanyň çäklerinde “Hytaý gurluşygy” konsepsiýasy arkaly gurluşyk pudagyny döwrebaplaşdyrmak boýunça çäreleri güýçlendirer. Bu strategiýada ýokary hil, innowasiýa we howpsuzlyk meseleleri ileri tutulýar.
Ýaşaýyş jaýlary, şäher we oba ösüşi ministri Ni Hun gurluşyk pudagynyň ýokary hilli gurluşyk önümlerini öndürmäge, täze hilli öndürijilik güýçlerini ösdürmäge hem-de tehnologiki innowasiýa we düýpli özgertmeler arkaly halkara bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga gönükdiriljekdigini aýtdy.
Esasy ugurlar hökmünde döwrebap gurluşyk tehnologiýalarynyň ösdürilmegi, täze gurluşyk usullarynyň ornaşdyrylmagy, döwrebap inženerçilik-guramaçylyk modelleriniň döredilmegi we kärine ussat gurluşyk işgärleriniň taýýarlanylmagy kesgitlenildi. Şeýle hem gurluşyk bazarynyň özgertmeleri çuňlaşdyrylar, bazar erkinligi bilen döwlet düzgünleşdirmesiniň arasynda deňagramlylyk üpjün ediler.
Hökümet standartlaşdyrma, sanly ulgama geçirme we kanunçylyk arkaly gözegçiligi güýçlendirip, adalatly bäsdeşlige, ýokary hile we ynama esaslanýan bazar gurşawyny döreder. Howpsuzlyk talaplary taslama düzmekden başlap, gurluşyk we ulanyş tapgyrlarynyň ählisini öz içine almak bilen ulgamlaýyn ýagdaýda ornaşdyrylar.
Şeýle hem “Hytaý gurluşygynyň” önümçilikden başlap, ýerlemäge çenli ähli tapgyrlardaky artykmaçlyklaryndan peýdalanmak bilen, gurluşyk kärhanalarynyň daşary ýurt bazarlaryna çykmagy höweslendiriler. Bu çäreler pudagyň halkara derejesindäki ornuny we bäsdeşlige ukyplylygyny yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.







