Hytaý şäherleriň durkuny täzelemek boýunça giň möçberli özgertmeleri geçirýär

Hytaý 2026-njy ýylda şäherleriň durkuny täzelemek boýunça tagallalaryny güýçlendirer. Bu işler 2026-njy – 2030-njy ýyllary öz içine alýan 15-nji bäşýyllyk maksatnamanyň çäklerinde ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyny, şäher we oba ýerleriniň ösüşini ýokary derejä çykarmaga gönükdiriler diýip, Ýaşaýyş jaýlaryň gurluşygy, şäher we oba ösüşi ministrligi habar berdi.
Hytaýyň Ýaşaýyş jaýlaryň gurluşygy, şäher we oba ösüşi boýunça ministri Ni Hun, 2025-nji ýylda şäherleriň durkuny täzelemek boýunça möhüm netijeleriň gazanylandygy barada habar berdi. Tutuş ýurt boýunça 26 müň sany köne ýaşaýyş toplumy abatlandy, 14 müň sany lift gurnaldy we bu tagallalar 4 million 700 müňden gowrak ýaşaýja peýda berdi. Şeýle hem 4700-den gowrak kiçi seýilgähler döredildi, şäherlerde 5800 kilometr ýaşyl ýodalar gurlup, 156 müň kilometr uzynlykdaky ýerasty turba geçirijileri täzelendi.
Ministrlik şäherleriň ösüşine toplumlaýyn baha berip, ilatyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmaga, ösüşi goldamaga we howpsuzlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen taslamalary öňe sürer. Esasy ugurlar köne ýaşaýyş toplumlaryny abatlamak, jemgyýetçilik hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak, çagalar we garrylar üçin amatly ýaşaýyş öýlerini gurmak hem-de şäherleriň jemgyýetçilik ýerlerini ösdürmekden ybarat bolar.
Ýerasty turbalaryň we lagym suwlaryny geçirijileriniň täzelenmegine, köne gaz turbalarynyň yzygiderli çalşylmagyna, taryhy ýerleriň durkunyň täzelenmegine hem aýratyn üns berler. Suw joşmalaryna garşy gorag ulgamlary güýçlendiriler, şäher infrastrukturasynyň howpsuzlygyny üpjün edýän taslamalaryň durmuşa geçirilişi tizleşdiriler.
Bu tagallalar häzirki zaman, howpsuz we ilat üçin amatly bolan şäher giňişliklerini döretmäge, ykdysady işjeňligi hem-de şäherleriň ösüşiniň durnuklylygyny üpjün etmäge gönükdiriler.







