2021–2025 ýyllarda Hainan welaýatynyň daşary söwdasy 1.13 trln ýuandan geçdi

Ýanwar 24, 2026 | 18:56 |72
CCTV logo
Çeşme: cctv.com



2021-nji – 2025-nji ýyllary öz içine alýan 14-nji bäşýyllyk maksatnama döwründe Hytaýyň günortasyndaky Hainan welaýatynyň haryt söwdasynyň umumy möçberi 1 trillion 130 milliard ýuana (ýagny 162 milliard ABŞ dollaryna) barabar boldy. Haikou gümrük gullugynyň maglumatlaryna görä, bu görkeziji ilkinji gezek 1 trillion ýuan çäginden geçip, öňki maksatnama döwri bilen deňeşdirilende 19.2 göterim ösüşi görkezdi.

14-nji bäşýyllyk maksatnama döwründe eksportyň möçberi 379 milliard 280 million ýuana (ýagny 54 milliard 400 million ABŞ dollaryna) barabar bolup, 21.6 göterim ösüşi görkezdi, importyň möçberi bolsa 752 milliard 420 million ýuana (ýagny 107 milliard 900 million ABŞ dollaryna) ýetip, öňki maksatnama döwri bilen deňeşdirilende 18.1 göterim artdy. Daşary söwdanyň ýyllyk möçberi 2020-nji ýylda 93 milliard 470 million ýuandan (ýagny 13 milliard 400 million ABŞ dollaryndan) 2025-nji ýylda 276 mlrd ýuana (ýagny 39 milliard 600 million ABŞ dollaryna) çenli artdy. Ortaça ýyllyk ösüş derejesi 24.1 göterim bolup, bu görkeziji ortaça milli derejeden 17 göterim ýokarydyr. Şeýlelikde, Hainan daşary söwda ösüşi boýunça ýurt boýunça 4-nji orny eýeledi.

Soňky bäş ýylda import-eksport işi bilen meşgullanýan kärhanalaryň sany 5241-e ýetdi, bu öňki bäşýyllyk döwür bilen deňeşdirilende üç esse golaý köpdür. Hususy kärhanalar umumy daşary söwdanyň 59.3 göterimini düzüp, olaryň paýy 670 milliard 690 million ýuan (ýagny 96 milliard 200 million ABŞ dollary) möçberine ýetdi we 32.9 göterim köpeldi.

Eksportyň düzüminde senagat önümleri agdyklyk etdi: olaryň möçberi 271 milliard 200 million ýuana (ýagny 38 milliard 800 million ABŞ dollaryna) ýetip, umumy eksportyň 71.5 göterimini düzdi. 230 sany ýurtlar we sebitler bilen söwda hyzmatdaşlygy alnyp baryldy. “Bir guşak – bir ýol” başlangyjy boýunça hyzmatdaşlyk edýän ýurtlar bilen amala aşyrylan söwdanyň möçberi 608 milliard 650 million ýuana (ýagny 87 milliard 300 million ABŞ dollaryna) ýetip, umumy daşary söwdanyň 53.8 göterimini düzdi.

Täze iş modelleri daşary söwdanyň ösüşinde esasy hereketlendiriji güýje öwrüldi. Adanyň çäginden daşardaky salgytsyz söwdanyň möçberi 189 milliard 450 million ýuana (ýagny 27 milliard 200 million ABŞ dollary) çenli ýokarlanyp, 1.9 esse ösüş görkezdi, halkara elektron söwdanyň möçberi 24 milliard 370 million ýuana (ýagny 3 milliard 500 million ABŞ dollaryna) ýetdi we 29.8 esse ösüş görkezdi. Gümrük hyzmatlary pudagynda 2025-nji ýylda import edilen harytlaryň möçberi 102 milliard 750 million ýuana (ýagny 14 milliard 700 million ABŞ dollaryna) deň bolup, bu görkeziji ýurt boýunça 2-nji orny eýeledi.

Beýleki habarlar