Hytaý oba ýerlerine goldawy güýçlendirer, oba hojalygyny döwrebaplaşdyrar

Hytaýyň Oba hojalygy we oba meseleleri boýunça ministrligi, oba hojalygyny ösdürmegiň we oba ýerlerini döwrebaplaşdyrmagyň täze tapgyrynda, uzak möhletli we giň gerimli goldawy ösüş strategiýasyna utgaşdyrmak bilen, oba hojalygyny döwrebaplaşdyrmagy tizleşdiriljekdigini habar berdi.
Resmi wekilleriň bellemegine görä, ilatyň durmuş hal-ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça oňyn netijeler gazanyldy we ýurtda obalary täzece ösdürmek tapgyryna girişildi. 2025-nji ýylda däne önümleriniň möçberi 710 million tonnadan geçip, milli azyk howpsuzlygy has-da pugtalandyryldy.
Oba hojalygy we oba meseleleri boýunça ministriň orunbasary Çžan Sinwan, halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça gazanylan üstünlikleriň berkidilmegi ileri tutulýan ugurdyr diýip, belledi. Onuň sözlerine görä, yzygiderli goldaw beriş çäreleri oba ýerlerini ösdüriş syýasatlaryna ulgamlaýyn girizilip, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen jemgyýetçilik gorag usullary güýçlendiriler.
Resmi maglumatlara görä, ýaşaýyş-durmuş şertleri gowulaşdyrylan 832 sany etrabyň her biri 2–3 sany öňdebaryjy önümçilik ugurlaryny ösdürdi. Şeýle hem soňky bäş ýylyň dowamynda hal-ýagdaýy gowulanan ilatyň arasynda iş bilen üpjünçilik 30 milliondan ýokary derejede durnukly saklanyp gelýär.
Döwrebaplaşdyrylan oba hojalygy, doly ideg edilýän ekerançylyk ýerleri we tehnologiýa esasly önümçilik geljekki döwürde ösüşiň esasy ugurlary hökmünde görkezilýändir. Oba hojalygy we oba meseleleri boýunça ministrligiň ylym bölüminiň ýolbaşçysy Çžou Ýunlun, wajyp ugurlar hökmünde tohumçylyk genofondy, öňdebaryjy oba hojalyk tehnikalary hem-de daglyk ýerlerde işlemäge niýetlenen enjamlar boýunça möhüm tehnologik ösüşleri gazanmak göz öňünde tutulýandygyny aýtdy. Bu çäreler oba hojalygynyň öndürijiligini ýokarlandyrmaga hem-de daýhanlaryň girdejilerini artdyrmaga gönükdirilendir.







