Hytaý 41 sany ýurda giriş nokatlarynda täze paçsyz söwda dükanlaryny açar

Ýanwar 23, 2026 | 17:36 |85
CCTV logo
Çeşme: cctv.com



Hytaý häkimiýetleri ýurduň 41 sany giriş nokatlarynda, ýagny howa menzillerinde, deňiz portlarynda we gury ýer serhet geçelgelerinde täze paçsyz söwda dükanlaryny açmagy meýilleşdirýärler. Bu ädim ýurda gelýän daşary ýurtly syýahatçylar üçin salgytsyz söwda etmek mümkinçiliklerini giňeltmegi maksat edinýändir.

Bu barada Maliýe ministrligi hem-de dört sany beýleki döwlet edarasy hepdäniň çarşenbe güni bilelikde habar berdiler. Berlen maglumata laýyklykda, giriş nokatlaryndaky paçsyz söwda dükanlary howa menzilleriniň, deňiz portlarynyň we serhet geçelgeleriniň ýörite çäklendirilen zolaklarynda ýerleşdiriler we şol dükanlarda diňe daşary ýurtlardan gelýän ýolagçylara harytlary paçsyz satyn almaklyga rugsat berler.

Bilermenleriň bellemegine görä, bu ädim içerki sarp edijiligiň işjeňleşmegine hem-de paçsyz söwda pudagynyň durnukly ösüşine itergi berer.

Soňky ýyllarda Hytaý syýahatçylyk babatda diňe tebigy gözellikleri we baý medeni mirasy bilen däl, eýsem söwda mümkinçilikleri bilen hem halkara syýahatçylaryň ünsüni çekýär. Şeýle-de ýurda wizasyz giriş düzgünler kämilleşdirilýär we daşary ýurtly myhmanlar ýurtdan çykyp gidende edilen söwda boýunça salgydy yzyna gaýtarmak hyzmatlary kämilleşdirilýär. Şeýle mümkinçilikler Hytaýy halkara syýahatçylyk ugurlarynyň arasynda has-da özüne çekiji ýurt hökmünde görkezýändir.

Beýleki habarlar