Hytaýyň demirgazyk-gündogarynyň gyşky gözelligi dünýä syýahatçylaryny özüne maýyl edýär

Hytaýyň demirgazyk-gündogaryndaky Heýlunszian welaýatynda gyşky syýahatçylyk möwsüminiň gyzgalaňly döwri dowam edýär. Welaýatyň Hulin şäherinde döwrebaplaşdyrylan desgalaryň we täze mümkinçilikleriň döredilmegi dünýäniň dürli ýurtlaryndan syýahatçylary özüne çekýär.
Hulin şäherindäki “Bagt getirýän buz-garly seýilgähinde” durky täzelenen infrastruktura gyşky sport we dynç alyş çärelerini geçirmeklige mümkinçilikleri artdyryp, bu ýere gelýän myhmanlara sebitin gara bürenen tebigy gözelliklerinden göwnejaý lezzet almaga şertleri döredýändir. Daşary ýurtly syýahatçylar bu ýerde garda typmak ýaly gyşky oýunlaryň berýän lezzetine aýratyn ýokary baha berýärler.
Gyşky sport çärelerinden başga-da, Hulin şäheri syýahatçylygy ýerli medeniýet bilen utgaşdyrýar. Ussuri derýasynyň doňup, buz bilen örtülen ýüzünde “tutda bişir” diýen balyk tutmak güýmenjeleri myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi. Bu ýerde syýahatçylar buz astyndan balyk tutup, tutulan balyklaryny şol ýerde bişirdip, iýip bilýärler. Bu bolsa açyk howadaky güýmenjeleri ýerli aşhananyň aýratynlyklary bilen utgaşdyrýar.
Hulin şäheriniň medeniýet we syýahatçylyk bölüminiň müdiriniň orunbasary Ma Ýiniň bellemegine görä, şäher buz we gar möwsüminiň mümkinçiliklerini ýerli medeni miras bilen utgaşdyrmaga, syýahatçylyk infrastrukturasyny giňeltmäge hem-de köpugurly, bitewi syýahatçylyk hyzmat ulgamyny döretmäge aýratyn ähmiýet berýär. Geljekde aýratyn tapawutlanýan medeni-syýahatçylyk çärelerini ösdürmek arkaly ýerli we daşary ýurtly syýahatçylaryň sanyny artdyrmak hem-de ýerli medeni syýahatçylyk pudagyny ösdürmek göz öňünde tutulýar.







