Haýnanda täze internet hemralary äleme uçuryldy

Hepdäniň duşenbe güni Hytaýyň Haýnan welaýatyndan “Long March-12” raketasy arkaly pes orbitada ýerleşdirilýän internet hemralarynyň 19-njy topary üstünlikli äleme uçurylyp, öňünden bellenen orbita çykaryldy.
“Long March-12” raketasy ýerli wagt boýunça sagat 15:48-de Haýnan täjirçilik äleme uçuryş meýdançasyndan bat aldy. Birnäçe tehnologiýa bilen üpjün edilen emeli hemralar Pekinde ýerleşýän GalaxySpace täjirçilik kompaniýasy tarapyndan işlenip taýýarlanyldy. Giň gerimli älem infrastruktura taslamalaryna bu kompaniýa ikinji gezek gatnaşýandyr.
GalaxySpace kompaniýasynyň “intellektual hemralar zawody” bölümçesiniň ýolbaşçysy Çen Miniň bellemegine görä, ilkinji gezek doly sanly ulgama geçirilen iş dolanyşygy döredildi. Awtomatlaşdyrylan synaglar, intellektual gurnama we barlag ulgamlary esasynda, şeýle hem uçuryş meýdançasyndaky amallaryň kämilleşdirilmegi netijesinde umumy netijelilik ep-esli ýokarlandyryldy.
“Long March-12” – Hytaýyň ilkinji 4 metrlik bir ýadroly daşaýjy raketasydyr. Bu raketanyň pes ýer orbitasyna azyndan 12 tonna, 700 kilometrlik gün-sinhron orbitasyna bolsa azyndan 6 tonna ýüki götermäge ukyply bolup, dürli orbitalara bir ýa-da birnäçe hemrany bir wagtda çykarmaga mümkinçiligi bardyr.







