Hytaý 6G tehnologiýasynyň birinji tapgyryny tamamlap, ikinji synag tapgyryna başlady

Ýanwar 23, 2026 | 15:05 |110
CCTV logo
Çeşme: cctv.com



Hytaý 6G tehnologiýasy boýunça synaglaryň birinji tapgyryny üstünlikli tamamlap, 300-den gowrak esasy tehnologiýany öz içine alýan ätiýaçlyk binýadyny döretdi. Hytaýyň Senagat we maglumatlar tehnologiýalary ministrliginiň maglumatlaryna görä, ýurtda häzirki wagtda 6G tehnologiýasynyň ikinji tapgyr tehniki synaglaryna girişildi.

Senagat we maglumatlar tehnologiýalary ministriniň orunbasary Çžan Ýunmin, Hytaýyň ylmy-tehnologiki innowasiýalary senagat ösüşi bilen çuňňur utgaşdyrmagy maksat edinýändigini, bu ugurda emeli intellektiň senagat ykdysadyýetindäki ornunyň aýratyn güýçlendirilýändigini aýtdy.

Birinji tapgyr synaglaryň dowamynda 6G boýunça 300-den gowrak möhüm tehnologiýa ätiýaçlyk hökmünde döredildi. Şol bir wagtda 5G we gigabit optiki ulgamlary milli ykdysadyýetiň 97 sany esasy pudagynyň 91-sine ornaşdyryldy. Senagat interneti bolsa 41 sany esasy senagat pudagyny doly gurşap aldy. Bu ädimler ykdysady we jemgyýetçilik ösüşine täze itergi berdi.

Senagat we maglumatlar tehnologiýalary ministrliginiň metbugat wekili Se Szýun Hytaýda dünýäniň iň iri maglumat infrastrukturasynyň döredilendigini aýtdy. Şeýle hem ol ýurtda 4 million 840 müňe golaý 5G bekediniň we 1 milliard 200 milliondan gowrak 5G ulanyjysynyň bardygyny belledi. 5G ulanyjylary ýurduň ähli mobil telefon ulanyjylarynyň 65.9 göterimini düzýändir.

Se Szýunyň sözlerine görä, birinji tapgyr 6G ylmy-barlag we synag işlerini tamamlamak bilen, Hytaý resmi taýdan 6G tehnologiýasynyň ikinji tapgyr tehniki synaglaryna başlady. Geljekde ministrlik 6G boýunça ylmy-barlag işlerini tizleşdirmegi, öňünden meýilleşdirmekligi güýçlendirmegi hem-de ulanyşa gönükdirilen 6G senagat ekoulgamyny ösdürmegi dowam etdirer.

Beýleki habarlar