2025-nji ýylda Hytaýyň kiçi we orta kärhanalary durnukly ösüşi saklady

Ýanwar 23, 2026 | 14:57 |75
CCTV logo
Çeşme: cctv.com



2025-nji ýylda Hytaýyň kiçi we orta kärhanalary durnukly we oňyn ösüşini dowam etdirdi. Senagat ulgamyndaky esasy kiçi we orta kärhanalarynyň goşmaça gymmat önümçiligi geçen ýyla görä 6.9 göterim artdy diýip, Senagat we maglumat tehnologiýalary ministrligi habar berdi.

Döwlet Geňeşiniň Metbugat gullugynyň metbugat wekilleri bilen geçiren duşuşygynda çykyş eden ministriň orunbasary Çžan Ýunmin, dekabr aýynda kiçi we orta kärhanalaryň eksport indeksiniň 52.4 göterime ýetendigini we bu görkezijiniň 21 aý bäri yzygiderli ösüşi saklaýandygyny aýtdy.

Soňky bir ýylda Hytaý boýunça 17600 sany ýöriteleşdirilen innowasion “kiçijik ägirt” kärhanalar, 140 müňden gowrak ýöriteleşdirilen innowasion kiçi we orta kärhanalar hem-de 600 müňden gowrak tehnologiýa-innowasion kärhanalar döredildi. Bu “kiçijik ägirt” kärhanalaryň ylmy-barlag işlerine we geljekki ösüşe ortaça maýa goýum derejesi 7 göterime deň bolup, olaryň jemi 460 müň sany oýlap tapyş patentleri bardyr, bu bolsa olaryň ýokary innowasion kuwwatyny görkezýändir.

Çžan Ýunmin 15-nji bäşýyllyk maksatnamanyň döwründe kiçi we orta kärhanalaryň ösüşi boýunça aýratyn maksatnamanyň taýýarlanjakdygyny, wagtynda tölegleriň üpjün edilmegine, köne bergileriň aradan aýrylmagyna we kärhanalaryň kanuny hukuklarynyň goralmagyna aýratyn üns beriljekdigini aýtdy. Şeýle hem ýöriteleşdirilen innowasion kärhanalary goldamak, milli derejesindäki kiçi we orta kärhanalaryň hyzmat ediş meýdançalaryny döretmek hem-de iri, orta we kiçi kärhanalaryň sazlaşykly ösüşini ilerletmek boýunça çäreleriň amala aşyryljakdygyny habar berdi.

Beýleki habarlar