Hytaý demirýollary gyşky gatnawlaryň howpsuz bolmagynynyň aladasyny edýär

Hytaýyň demir ýollary ulgamy sowuk howaly gyş möwsüminde toplumlaýyn çäreleri görmek bilen, gyşky ýolagçy we ýük gatnawlarynyň howpsuz bolmagy üçin zerur tagallalary edýär.
Hytaýyň Henan welaýatynyň köp ýerlerinde howa aýazly bolup, garyň ýagmagy we temperaturanyň pese düşmegi demir ýol gatnawlarynda belli kynçylyklary döretdi. Welaýatyň merkezi Çžençžou şäherinde ýokary tizlikli otlulary buzdan arassalamak üçin tehniki hyzmat depolaryna ugradyldy. Ýokary tizlik we çylşyrymly gurluşlary sebäpli bu otlularda hereket wagtynda gar-buz toplanýar, bu bolsa howp döredip biläýjek ýagdaýdyr.
“Biz otlulara ýelmeşen gary we buzy ýörite rezinden ýasalan piller bilen arassalamak üçin işgärleri işe çekdik. Şeýle hem aýyrmasy kyn bolan buz gatlaklaryny ýörite buz arassalaýjy tehnikalar we ýokary basyşly suw çüwdürimi arkaly arassalaýyş işlerini geçirdik” diýip, Hytaýyň Milli demir ýol edarasyndaky Çžençžou demir ýol bölüminiň wekili Szin Ýun aýtdy.
Goňşy Hubeý welaýatyndaky Wuhan demir ýol edaralary hem howpsuzlygy üpjün etmek üçin degişli çäreleri görýär. Olar awtomatlaşdyrylan ulgamlary ulanyp, gatnawlary tertipleşdirdi, zerur bolan ýükleriň üznüksiz daşalmagyny gurnady. Şonuň ýaly-da ýolagçylaryň howpsuzlygy üçin typyp ýykylmaz ýaly duralgalarda ýörite düşekçeleri we duýduryş belgilerini ýerleşdirdi.
Hytaýyň gündogaryndaky Şandun welaýatynyň Sindao şäherindaki Szinan demir ýol bölümi, möhüm enjamlaryň gözegçilik we barlaglaryny güýçlendirip, aýazly we ýagynly howa şertlerinde buzdan arassalaýyş işlerini geçirdi. Bu işler demir ýol hyzmatlarynyň üznüksiz we howpsuz alnyp barylmagyna gönükdirilendir.







