Henan welaýatynyň daýhanlary ýyladyşhanalary gardan arassalamak üçin dronlary ulanýar

Gyşyň garly gelmegi bilen, Hytaýyň Henan welaýatynda ýerleşýän ýyladyşhanalaryň işi köpeldi. Şançiu şäheriniň daýhanlary ýyladyşhanalaryň üstündäki gary arassalamak üçin ösümlikleri goramaga niýetlenen dronlary ulanyp başladylar. Bu dronlar ýokary göterilip, güýçli howa akymyny döretmek arkaly gysga wagtyň içinde ýyladyşhanalaryň üstündäki garlary arassalaýar.
Bu innowasion usul el güýjüne bolan zerurlygy ep-esli azaldyp, toplanan gary çalt arassalamaga mümkinçilik berýär.
“Esasy zat uçuş beýikligini gowy sazlamakdyr. Drony ýyladyşhana gaty ýakyn uçursaň, onuň örtügine zyýan ýetmegi mümkin. Ýyladyşhanadan daşrakda uçursaň, onda howa akymynyň bady gowşaýar. Birnäçe gezek synanyşanymyzdan soň, ýyladyşhananyň depesiniň gapdal böleginiň üstünden gönükdirilen howa akymynyň has oňat netije berýändigini anykladyk. Şeýle ýagdaýda dronyň döredýän howa akymy gary ýyladyşhananyň üstünden süýşürip aýyrýar” diýip, dron operatory Çžan Sin düşündirdi.
Bu usul esasan hem 10 santimetre çenli galyňlykdaky heniz gatamadyk gary aýyrmakda has netijeli bolýar we aýratyn-da häzirki zaman, berk gurluşly uly ýyladyşhana toplumlarynda gowy kömek edýär.
“Bu usulyň esasy artykmaçlygy, onuň tizligi we arassalygydyr. Ilki bilen dronlar arkaly garyň esasy bölegi süýşürilýär, soňra işgärler burçlary, has galyň gatlaklary ýa-da gowşak gurluşly ýyladyşhanalary içerden direg taýajyklary arkaly arassalaýarlar” diýip, Şançiu şäheriniň Lianýuan etrabynyň oba hojalygy we oba ýerlerini ösdüriş edarasynyň uly agronomy Çžan Sinçži düşündirdi.
Bilermeniň bellemegine görä, garyň arassalanmagy diňe gorag çäreleriniň bir bölegidir. Sowuk howa şertlerinde ýyladyşhanalarda ýylylygy saklamak we ösümlikleriň keselleriniň öňüni almak çäreleri hem wajypdyr.
“Garyň agyr ýagyp, temperaturanyň pese düşýän günlerinde, ilki bilen ýyladyşhanalaryň düýbi we direg turbalary barlanmaly, zerur ýerleri dessine berkidilmeli hem-de birnäçe ýylylyk saklaýjy çäreler görülmeli. Bu gök önümleriň sagdyn ösmegi üçin örän möhümdir” diýip, Çžan Sinçži sözüniň üstüni ýetirdi.







