2026-njy ýylyň Bahar baýramy döwründe ýolagçy gatnawlarynyň rekord derejä ýetmegine garaşylýar

Ýanwar 20, 2026 | 20:17 |106
CCTV logo
Çeşme: cctv.com



Hytaýyň raýat awiasiýa pudagy 2026-njy ýylyň Bahar baýramynyň bellenýän günlerinde ýolagçy gatnawlarynyň 95 milliona ýetmegine garaşýar. Bu bolsa geçen ýyl bilen deňeşdirilende 5.3 göterim köpdür. Baýramçylyk günlerinde gatnawlaryň sany ortaça 2 million 380 müň ýolagça barabar bolar diýip, Hytaýyň Raýat Awiasiýa Müdirligi duşenbe güni habar berdi.

Bahar baýramynyň syýahatçylyk möwsümi 2-nji fewraldan 13-nji marta çenli dowam eder, 15-nji – 23-nji fewral aralygy resmi dynç alyş günleridir.

Bahar baýramynyň syýahatçylyk döwründe ýurt boýunça awiasiýa ulgamy 780 müň uçuşy amala aşyrar, ýagny günde ortaça 19400 uçuşlar ýerine ýetirilip, geçen ýyl bilen deňeşdirilende 5 göterim ösüşe garaşylýar.

Hytaýyň Raýat Awiasiýa Müdirliginiň bellemegine görä, Bahar baýramynyň öňüsyrasy we yzysüre ýolagçylaryň sanynyň ep-esli köpelmegine garaşylýar. Şu ýyl baýramçylygyň adatdakysyndan giç bellenilmegi sebäpli, talyplaryň we beýleki ýolagçylaryň yzyna gaýdyp gitmekleri belli bir wagt aralygyna gabat gelip, gündelik ýolagçylaryň sany 2 milliona 600 müňe ýetip biler.

Howa gatnawlarynda ýerleri öňünden berkitmek baradaky maglumatlar, Hytaýyň demirgazyk sebitlerinde gar-gyş syýahatçylygyna, günorta sebitlerinde bolsa gyşky dynç alyş ugurlaryna, şeýle hem daşary ýurtlara we daşary ýurtlardan syýahatçylyga gyzyklanmanyň artýandygyny görkezýär. Bu ýagdaý syýahatçylyk bilen awiasiýanyň utgaşdyrylmagy we dynç alyş döwürleriniň uzaldylmagy bilen baglanyşyklydyr.

Ýolagçylaryň sanynyň köpelmegi we gyşky howa şertleri bilen bagly bolup biljek töwekgelçilikleri nazara alyp, Hytaýyň Raýat Awiasiýa Müdirligi, awiakompaniýalary we howa menzillerini biri-biri bilen has-da sazlaşykly işlemek bilen, adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyklaryny ýokarlandyrmaga çagyrdy.

Beýleki habarlar