2026-njy ýylyň Bahar baýramynda syýahatçylyk üçin ýolagçy otly petekleri satylyp başlandy

Hytaýyň demir ýol edaralarynyň habar bermegine görä, 2026-njy ýylyň Bahar baýramy bilen bagly bolan, Çunýun diýlip atlandyrylýan gyzgalaňly syýahatçylyk möwsüminiň ilkinji güni üçin ýolagçy otly petekleri hepdäniň duşenbe güni satylyp başlandy.
Hytaýyň Döwlet Demirýollary edarasynyň beren maglumatlaryna laýyklykda, şu ýylky Çunýun döwri 2-nji fewraldan 13-nji marta çenli dowam eder.
40 gün dowam etjek bu döwürde ýurduň demir ýol ulgamy boýunça ýolagçy gatnawlarynyň sany 539 milliona ýeter diýlip, çaklanylýar. Bu bolsa 2025-nji ýylyň Bahar baýramynyň gyzgalaňly syýahatçylyk möwsümi bilen deňeşdirilende 5 göterim köpdür.
Her ýyl Bahar baýramy döwründe millionlarça adam iş we okuw maksady bilen, şeýle hem öýlerinden daşda ýaşaýan adamlar öz dogduk şäherlerine dolanyp barmak üçin ýola düşýär. Köpler ös maşgala agzalary bilen duşuşýar. Bu döwür – dünýäde iň uly möwsümleýin adam gatnawlarynyň döwrüdir.
Şu ýyl Bahar baýramy 17-nji fewralda belleniler. Syýahatçylyga isleg bildirýänleriň sanynyň artmagyny nazara alyp, demir ýol edaralary özleriniň hyzmatlaryny gowulandyrmak boýunça birnäçe degişli çäreleri girizdi. Olaryň hatarynda ýalňyş satyn alnan petekleri belli bir wagt aralygynda tutumsyz yzyna gaýtarmak mümkinçiligi, “rahat wagon” hyzmatlarynyň girizilmegi hem-de talyplar üçin petekleri ýörite arzanladylan bahadan satyn almak mümkinçilikleri bardyr.







